Daşoguzdaky tikin fabrigi okuwçy tahýalaryny tikip başlady

Daşoguzdaky tikin fabrigi okuwçy tahýalaryny tikip başlady

Türkmenistanyň dokma senagaty ministrliginiň Daşoguzda ýerleşýän Çeper tikin fabriginiň işgärleri mekdep lybasynyň biri bolan milli nagyşly tahýanyň synag toplumyny tikip gutardy. Toplumy taýýarlamak kärhananyň bir wagtyň özünde 18-e çenli tahýa tikmäge mümkinçilik berýän täze enjam satyn almagy netijesinde mümkin boldy. Täze enjamy köpçülikleýin önümçilige girizmek göz öňünde tutulýar. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr habar berýär.

Täze okuw ýylyna taýýarlygyň çäginde bu ýerde gyzlar üçin owadan öňlükler, ýakaly mekdep köýnekleri we penjekler, zähmet sapagy üçin öňlükler we beýlekiler tikilýär.Gyzlar we oglanlar üçin ähli mekdep lybasy uçdantutma ýurdumyzda öndürilýän berk we ekologiýa taýdan arassa matadan tikilýär we biçüwiniň hem tikilişiniň ýokary hili bilen tapawutlanýar.

Kärhananyň önümi köp möçberde söwda ulgamynda, şol sanda mekdep bazarlaryna-da çykarylar.

Daşoguzyň Çeper tikin fabrigi ýokary tehnologiýaly kärhanadyr.Ondaky dünýäde meşhur öndürijileriň köp iş bitirýän, köpdürli işleri netijeli ýerine ýetirmäge ukyply we dürli matalar bilen işläp bilýän häzirki zaman tikin maşynlary ýokary hilli önüm çykarmaga mümkinçilik berýär.

Munuň özi döwrebap tehnikanyň we tehnologiýanyň hem-de işgärleriň hünär ussatlygy we olaryň yzygiderli döredijilikli gözlegleri bilen gazanylýar.Kärhanada önümleriň hilini has-da ýokarlandyrmagyň, olaryň görnüşlerini artdyrmagyň we ilat arasynda köp isleg bildirilýän önümleriň mukdaryny artdyrmagyň üstünde yzygiderli işleýärler.

Tikinçileriň model hataryny tiz-tizden täzelemäge we çykarylýan önümiň dürlüligini döretmäge çalyşmaklary-da şunuň bilen düşündirilýär.Mysal üçin, onuň önüm görnüşinde bu gün onlarça geýim, ýorgan-düşek ýüzleri we hojalyk dokma önümleri bar.

Diňe şu ýylyň özünde bu ýerde on million manatdan-da ýokary pul möçberinde önüm öndürmek göz öňünde tutulýar, özi-de ýyllyk tabşyryk eýýäm umumy mukdaryň ýarysyna barabar ýerine ýetirilipdir.

Ýene degişli makalalar

“Çeper” tikin fabriginiň önümlerine isleg artýar
Sarayan HJ Aşgabatda geçýän giň gerimli sergide ýörite iş eşikleriniň we gulluk lybaslarynyň görnüşlerini görkezer
“Ýeňiş” tikin fabrigi ýedi aýda 25 million manatlyk önüm öndürdi
Ferrari özüniň ilkinji eşik söwda ulgamyny açdy
Ferrari moda egin-eşikleri liniýasyny işe girizdi we restoran açdy
Bäsdeşlige ukyply önümler bazardaky ornuny pugtalandyrýar
Tikinçilik