Ýatkeşligi ösdürmegiň usullary

Häzirki wagtda tehnologiýanyň ösmegi, islendik maglumat çeşmesiniň hemişe elýeterli bolmagy beýniniň ýalta bolmagyna, netijede adamyň ýatkeşligine oňaýsyz täsir edýär. Ýatkeşligimiziň gowy bolmagy bolsa, işlerimizi aňsatlaşdyrmaga ýardam edýär.

Haýsy gün haýsy dersiň bardygyny bilmek, synaglara taýýarlyk görlende, öwrenen zadymyzyň ýadymyzda galmagy okuwda üstünlik gazanmagymyza ýardam edýär.Haýsy işi haçan etmelidigini bilmek gündelik durmuşda hem işimizi aňsatlaşdyrýar.

Eýsem, beýnimizi işjeň saklamak üçin nämeler etmelikä?Bilermenler munuň üçin köp maslahatlary berýärler.Geliň, olaryň käbiri bilen tanyş bolalyň!

Dogry iýmitlenmek. Wagtly-wagtynda, ýeterlik mukdarda iýmitlenmek saglygymyz üçin örän ähmiýetli bolup, şeýle etmedik halatymyzda saglygymyza oňaýsyz täsir edip biler.Gündelik durmuşda iýýän iýmitimiz saglygymyza gönüden-göni täsir edýär.

Bilermenler miwedir gök önümleriň iýmit sanawymyzda köpräk bolmalydygyny hemişe ýatladýarlar. Şeýle hem balyk, marinad önümleri, kösükli dänelerden taýýarlanan naharlar we dürli reňkli iýmitleriň iýilmegi maslahat berilýär.Gazly içgiler we taýýar naharlary iýmek maslahat berilmeýär. Şu maslahatlara eýeren halatymyzda saglygymyza peýdaly bolşy ýaly, ýatkeşligimiz hem güýçlenýär.

Täze dil öwrenmek. Bilermenler diňe täze bir dili öwrenmegi däl, eýsem, islendik täze maglumaty öwrenmegiň beýniniň işjeňligini artdyrýandygyny belleýärler. Täze diliň kadalary, ýat tutjak sözleriňiz beýni üçin iň gowy maşklaryň biri hasaplanýar. Şeýle hem häzirki wagtda dürli kompýuter programmalaryndan we elektron gollanmalardan peýdalanyp, aňsatlyk bilen dil öwrenip bilersiňiz.

Endikleriňizi üýtgediň! Gündelik durmuşda edýän işleriňizi edeniňizde şol bir öwrenen endigiňizi üýtgedip bilersiňiz! Mysal üçin, saglakaý bolsaňyz, dişiňizi çep eliňiz bilen ýuwuň! Bu maşklar beýniniň her gün başga amaly ýerine ýetirmegine, netijede işjeňligini dowam etdirmegine ýardam eder.

Saz çalyň! Bilermenler aýdym-sazyň beýniniň iki tarapyny bir wagtda işledýän az sanly hereketden biridigini belleýärler. Aýdym diňlemek ýatkeşlige oňaýly täsir edýär, ünslüligi güýçlendirýär. Saz guralyny çalyp bilmek bolsa, bu täsiri birnäçe esse köpeldýär.

Hünär ediniň! Okuwyňyzyň we gündelik işiňiziň daşyndan haýsydyr bir hünär ýa-da pişe ediniň! Tikin tikmek, surat çekmek ýaly haýsydyr bir zady döretmegi öwreniň!

Ýöräň! Açyk howada gezelenç edilende adam bedeni has köp kislorod alýar. Bu bolsa, beýniniň öýjükleriniň arasyndaky gatnaşyklary tizleşdirýär. Şeýle hem ýöremek beýnini rahatlandyrýar.

Ýene degişli makalalar

Sarayan HJ Aşgabatda geçýän giň gerimli sergide ýörite iş eşikleriniň we gulluk lybaslarynyň görnüşlerini görkezer
“Ýeňiş” tikin fabrigi ýedi aýda 25 million manatlyk önüm öndürdi
Ferrari özüniň ilkinji eşik söwda ulgamyny açdy
Ferrari moda egin-eşikleri liniýasyny işe girizdi we restoran açdy
Bäsdeşlige ukyply önümler bazardaky ornuny pugtalandyrýar
Tikinçilik