Daşoguzyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň syýahatçylyk mümkinçiliklerine bagyşlanan maslahat

Daşoguzyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň syýahatçylyk mümkinçiliklerine bagyşlanan maslahat

4-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde “Daşoguz welaýatyndaky milli taryhy-medeni mirasyň obýektleri halkara syýahatçylyk ulgamynda” atly ylmy duşuşyk geçirildi. Duşuşyga degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de sanly ulgam arkaly daşary ýurtly hünärmenler gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynyň çäginde taryhy-arheologik ýadygärlikleriň 125-si bellige alnyp, olar türkmen alymlary, olaryň daşary ýurtly kärdeşleri tarapyndan öwrenilýär hem-de rejelenilýär. Ýüze çykarylan arheologik tapyndylar muzeýlerde görkezilýär. Şunuň bilen baglylykda “Köneürgenç” döwlet taryhy-medeni goraghanasynda ýerleşýän “Kerwensaraý” ýadygärliginde arheologik gazuw-agtaryş işleri, üýtgewsiz saklamak, rejelemek boýunça işler geçirilýär, şeýle hem syýahatçylary çekmek we zyýaratçylara şertleri döretmek üçin degişli çäreler amala aşyrylýar.

Şeýle hem Köneürgençde binagärlik mirasyny öwrenmek, üýtgewsiz görnüşde saklamak hem-de rejelemek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.Goraghananyň hünärmenleriniň tagallalary bilen iň meşhur hem-de has ýygy-ýygydan zyýarat edilýän Nejmeddin Kubranyň, Soltan Alynyň, Pirýar Weliniň, Törebeg hanymyň mawzoleýleri, Horezm şalary Soltan Tekeşiň hem-de Il-Arslanyň kümmetleri, Seýit Ahmediň kümmeti, Gutlug Timuryň minarasy rejelenildi.

Köneürgenjiň Kyrkmolla ady bilen belli bolan iň gadymy galasynyň, al-Mamunyň minarasynyň bölekleri bilen ozalky baş metjidiň galyndylary üýtgewsiz görnüşde saklanylar ýaly ýagdaýa getirildi, Ibn Hajybyň medresesi gaýtadan dikeldildi.

Ylmy duşuşyga gatnaşyjylaryň beýleki bir topary diňe biziň ýurdumyzda däl-de, eýsem, onuň çäklerinden daşarda hem giňden belli bolan Görogly etrabynyň çägindäki ýadygärliklere — gadymy Yzmykşir şäheriniň galyndylaryna hem-de orta asyr Ysmamyt ata binagärlik toplumyna baryp gördüler. Duşuşygyň çäklerinde daşary ýurtly hünärmenleriň sanly ulgam arkaly çykyşlary guraldy.

Ýene degişli makalalar

Daşoguzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini wagyz etmek boýunça ylmy duşuşyk
21.03.2018 | Nowruzyň şanyna ählihalk dabarasy
Köneürgenç türkmen taryhynyň dürdänesi
Taryhy ýadygärlikleri öwrenmek we gorap saklamak boýunça ylmy duşuşyk
“Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasynda türkmenleriň janlandyrylan taryhy: Dhistan we Köneürgenç
04.01.2018 | Türkmenistan 2018-nji ýyl üçin iň gowy syýahatçylyk ugurlarynyň hatarynda