26-njy maýda Daşoguz welaýatynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa 2022-nji ýylyň iýun aýynda geçiriljek esasy çäreleriň maksatnamasy hem-de ulanmaga beriljek durmuş medeni maksatly desgalaryň açylmagy mynasybetli meýilleşdirilen çäreler, Daşoguz welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça geçirilýän işleriň çäklerinde ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň medeniýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli meýilnamany hödürledi.
Iýun aýynda Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni, Ylymlar güni, medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dürli çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wise-premýere göz öňünde tutulan çäreleri ýokary derejede guramak we geçirmek, olara ýaşlary has giňden çekmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Wise-premýer şeýle hem şu ýylyň 4-nji iýunynda geçirmek göz öňünde tutulan “Daşoguz welaýatyndaky milli taryhy-medeni mirasyň obýektleri halkara syýahatçylyk ulgamynda” atly ylmy duşuşyga görülýän taýýarlyk barada hasabat berip, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli meýilnamany hödürledi.
Çäräniň çäklerinde meýdan şertlerinde okuw maslahatlaryny hem-de sanly ulgam arkaly daşary ýurtly hünärmenleriň çykyşlaryny guramak meýilleşdirilýär.
Daşoguz welaýatynyň çäklerindäki ýadygärlikleri öwrenmegi dowam etmek hem-de olary gorap saklamak, syýahatçylyk ugurlarynyň düzümlerini gowulandyrmak we täze ugurlaryny işläp taýýarlamak, olary eýýäm bar bolan halkara syýahatçylyk ugurlarynyň ulgamyna goşmak ylmy duşuşyga gatnaşyjylaryň üns merkezinde bolar. Şeýle hem gadymy döwürlerde söwda hem-de medeni gatnaşyklary ýola goýlan Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ugurlaryny mundan beýläk-de öwrenmek, olaryň ugrundaky taryhy-medeni mirasyň täze desgalaryny ýüze çykarmak meselesine deglip geçiler.
Ýörite meýdan okuw maslahatyna gatnaşyjylaryň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýän meşhur Köneürgenjiň taryhy-medeni ýadygärliklerine gezelenji göz öňünde tutulýar. Şeýle hem olar “Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022-2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” çäklerinde “Kerwensaraý” ýadygärliginde başlanylan arheologik gazuw-barlag işleri bilen tanyşdyrylar.
Bellenilişi ýaly, bu ýerde başlanylan arheologik gazuw-barlag işleriniň birinji hepdesi täsin taryhy gymmatlyklar—terrakot ýonulan plitalar görnüşindäki binagärlik bezegleriniň bölekleri ýüze çykaryldy. Bu tapyndylar, olary taýýarlamagyň tehnologiýasy hem-de döwri, olary rejelemek we muzeý gymmatlyklary hökmünde taýýarlamak işleri hünärmenleriň arasynda öňde geçiriljek ylmy pikir alyşmalaryň meseleleriniň biri bolar.
Köneürgençde şeýle hem binagärlik mirasyny öwrenmek, üýtgewsiz görnüşde saklamak hem-de rejelemek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.Goraghananyň hünärmenleriniň tagallalary bilen iň meşhur hem-de has ýygy-ýygydan zyýarat edilýän Nejmeddin al-Kubranyň, Sultan Alynyň, Pirýar Weliniň, Törebeg hanymyň mawzoleýleri, Horezm şalary Soltan Tekeşiň hem-de Il-Arslanyň kümmetleri, Seýit Ahmediň mawzoleýi hem-de Kutlug Timuryň minarasy rejelenildi.
Köneürgenjiň Kyrkmolla ady bilen belli bolan iň gadymy galasynyň, al-Mamunyň minarasynyň bölekleri bilen ozalky baş metjidiň galyndylary üýtgewsiz görnüşde saklanylar ýaly ýagdaýa getirildi, Ibn Hajybyň medresesi gaýtadan dikeldildi.
Ylmy duşuşyga gatnaşyjylaryň beýleki bir topary diňe bir biziň ýurdumyzda däl-de, onuň çäklerinden daşarda hem giňden belli bolan Görogly etrabynyň çägindäki ýadygärlikler gadymy Yzmykşir şäheriniň galyndylaryna hem-de orta asyr Ysmamyt ata binagärlik toplumyna baryp görerler.
Meýdan şertlerinde geçirilýän okuw maslahatlaryna arheologlar, binagärlik taryhçylary, rejeleýjiler, syýahatçylyk işgärleri, şeýle hem ýurdumyzyň ähli Döwlet taryhy-medeni goraghanalarynyň hünärmenleri gatnaşarlar, duşuşygyň barşynda pikir alyşmalar geçiriler.
Döwlet Baştutanymyz hödürlenen meýilnamany makullap, ýurdumyzdaky taryhy-medeni ýadygärlikleri düýpli öwrenmegiň we dünýäde wagyz etmegiň hem-de bu babatda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ähmiýetini belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.