Dawut Nazmyradow karatedo boýunça Italiýada geçirilen halkara ýaryşda bürünç medal gazandy

Dawut Nazmyradow karatedo boýunça Italiýada geçirilen halkara ýaryşda bürünç medal gazandy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bilim alýan Dawut Nazmyradow Italiýa Respublikasynyň Jesolo şäherinde ulularyň hem-de 21 ýaşa çenli (U21) ýaşlaryň arasynda karatedo boýunça geçirilen Wenesiýanyň kubogyny almak ugrundaky halkara ýaryşda bürünç medala mynasyp boldy.

Türkmenistanly türgen bu üstünligi 21 ýaşa çenli türgenleriň arasynda 75 kilograma çenli agram derejesinde gazandy.

Halkara ýaryşda 40-dan gowrak döwletden 730-a golaý türgen ýeňiş ugrunda göreşdi. Italiýa Respublikasynda bolan türkmen ýygyndysyna 18 türgen wekilçilik etdi.

Ýene degişli makalalar

Owganystanda Balh welaýatynyň häkimine garşy bombaly hüjüm guraldy
Kubok bäsleşigine badalga berildi:  “Arkadag” “Energetik”- 4:0
Parahatçylygyň ýaş çaparlary: finalyň ähli gatnaşyjylary belli boldy
HGI-de XXI asyrda diplomatiýanyň orny atly düzme bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi
Türkmenistanly okuwçylar Amerikada geçirilen bäsleşikde ýeňiş gazandylar
Türkmen okuwçylary “GENIUS Olympiad-2023” bäsleşiginde dört sany medal gazandylar
Türkmen alymy TÜRKSOÝ-nyň 30 ýyllygy ýubileý medaly bilen sylaglanyldy