Kubok bäsleşigine badalga berildi:  “Arkadag” “Energetik”- 4:0

Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň deslapky tapgyrynyň birinji duşuşygy geçirildi. Bu duşuşykda “Arkadag” topary “Energetik” bilen duşuşdy. Paýtagtymyzdaky “Nusaý” stadionynda geçirilen duşuşykda netijeli çykyş eden “Arkadag” topary 4:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Bu toparlaryň arasyndaky jogap oýnunyň 2-nji maýda geçirilýandigini ýatladýarys. Deslapky tapgyrdaky oýnuň ýeňijisi Kubok bäsleşiginiň çärýekfinalynda “Köpetdag” topary bilen duşuşar.

Türkmenistanyň Kubok bäsleşiginiň deslapky tapgyrynyň duşuşygy:

“Arkadag” “Energetik”- 4:0

Gollar: 39 Didar Durdyýew, 45 Güýçmyrat Annagulyýew, 70 Şanazar Tirkişow, 88 Begmyrat Baýow (“Arkadag”)

Duýduryşlar: 1 Daýanç Nuryýew, 87 Aly Haýdarow, 88 Dawut Saparow (“Energetikk”)

Geçirilen ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.), I.Kurambaýew (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.)

Ýene degişli makalalar

Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň CAFA Nations Cup ― 2023 ýaryşyna gatnaşjak futbol ýygyndysynyň düzümi belli boldy
Türkmen futboly ― 2023: möwsümiň iň gowulary yglan edildi
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oktýabr aýynda geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşjak düzümi belli boldy
Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň Russiýadaky türgenleşikleri dowam edýär
TÝL ― 2023: Arkadag futbol topary birinji aýlawdaky jemleýji duşuşygynda Ahaly uly hasap bilen ýeňdi