DÇ-2022: penaltiden ilkinji gol, ýer eýesinden ilkinji ýeňliş

DÇ-2022: penaltiden ilkinji gol, ýer eýesinden ilkinji ýeňliş

Biraz ozal DÇ-2022-niň açylyş oýny bolan Katar — Ekwador duşuşygy tamamlandy.Oýun 2:0 hasabynda Ekwadoryň milli ýygyndysynyň ýeňşi bilen gutardy.Duşuşygyň 16-njy minutynda Ekwadoryň kapitany Enner Walensiýa Kataryň derwezeçisi tarapyndan jerime meýdançasynda gödek oýun bilen saklanyldy, emin bolsa ikirjiňlenmezden 11 metrlik nokada yşarat etdi.

Penaltini jebir çeken oýunçynyň özi dürs ýerine ýetirip, myhmanlary hasapda öňe çykardy. Şeýlelikde, futbol boýunça dünýä çempionatlarynyň taryhynda ilkinji gezek ýaryşyň ilkinji goly penaltiden derwezä ýollandy. 31-nji minutda ýene şol Walensiýa uly sahna çykyp, bu sapar oýun pursatyndan Kataryň derwezesine gol saldy. Şol 2:0 hasaby hem eminiň soňky jürlewügine çenli üýtgewsiz galdy.

Şunlukda, dünýä çempionatlarynyň taryhynda ýaryşa rekord derejede çykdajy eden Katar açylyş oýunlaryndaky ýer eýeleriniň şowly seriýasyna nokat goýdy. Has takygy, Katar dünýä çempionatlarynyň taryhynda açylyş oýnunda ýeňlen ilkinji ýer eýesi hökmünde taryha girdi. DÇ-2022-niň oýunlary ertir Angliýa — Eýran (18:00) hem-de Niderlandlar — Senegal (21:00) oýunlary bilen dowam eder.

Ýene degişli makalalar

Messi penaltini geçirip bilmedi, şonda-da argentinler ýarym finala çykdy
Ertir Dünýä Kubogy 2026-nyň bijeleri çekiler
Dünýä Kubogy 2026-nyň bijeleri çekildi
Argentina utuldy, Braziliýa deňme-deň oýnady
Ekwadorda portlaryň birine hüjüm guraldy
Peruda Adatdan Daşary Ýagdaý Dolanşygy Yglan Edildi
Täze merjen rifi tapyldy