DEAŞ-iň Lideriniň Öldürilmegi

DEAŞ-iň Lideriniň Öldürilmegi

DEAŞ-yň iglan edilen gününi başlangyç hökmünde kabul edenimizde, Abu Huseýin Kureýşi bu terror guramasynyň dördünji lidery Abubekir Bagdadiniň 2019-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda öldürilmeginden soň ikinji lider Abu Haşim 2022-nji ýylyň fewralynda we ondan soňky lider Abu Hasan bolsa 2022-nji ýylyň oktýabrynda ABŞ-nyň goldaw bermegindäki operasiýalarda täsirsiz ýagdaýa getirilipdy DEAŞ-yň soňky liderini bolsa Türkiýe, Milli howpsuzlyk guramasynyň ýörite topary bilen täsirsiz ýagdaýa getirdy Abubekir Huseýiniň heniz hakyky adynyň kimdigi hakynda maglumat ýok.

Muňa garamazdan “Anadoly” habarlar gullugynyň habarynda Abu Huseýiniň gurama 2013-nji ýylda goşulandygy we gysga möhletde ulalandygy beýan edilýär.Bu, DEAŞ-dan soňky nesliň täze döwürde has güýçli pozisiýa eýeleýändigini görkezýär.

SETA-nyň Howpsuzlyk bölüminiň Direktory Professor Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

2019-njy ýylyn 26-njy oktýabrynda DEAŞ-yň lideri Abubekir Bagdadiniň täsirsiz ýagdaýa getirilmegi bilen bilelikde aslyna garalanda DEAŞ-yň hem esasanda Yrakda we Siriýada çöküş tapgyryna girendigi belli boldy.

Soňky liderler terror guramasynyň operatiw ukybyny gorap saklamaga çalyşan hem bolsa, 2019-njy ýyldan soň bu döwür yzda galdy.Abu Haşimiň 2022-nji ýylda öldürilmegi bilen bilelikde 15 aýyň dowamynda DEAŞ-yn üç lideri täsirsiz ýagdaýa getirildy DEAŞ geçmişde bolşy ýaly üýtgedip gurma tapgyryny başlatmaga synanşan hem bosla, onuň hötdesinden gelip bilmändigi görülýär. Şonuň ýany bilen terror guramasynyň diňe bir liderleriniň däl, ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň hem ele salynandyklary ýa-da täsirisiz ýagdaýa getirilendilleri görülýär.

Bulara garamazdan Hol düşelgesiniň başda durmagynda DEAŞ-a degişli maşgalalaryň we çagalarynyň rehabilitasiýa edilmezligi we raýaty bolan ýurtlarynyň bu adamlary yzyna kabul etmezligy adybir düşelgelerde täze nesil DEAŞ-yň ýüze çykma potensialyny eýe. Şol sanda köp sanly ýerli we halkara habarnama şol düşelgelerde DEAŞ-iň güýjüni gorap saklaýandygyny we esasanda düşünjesiniň ýaýbaňlandygyny beýan edýär.

Bagdadiden soň täsirsiz ýagdaýa getirilen üçünji lider bolan Abu Huseýine garşy operasiýanyň 29-njy aprelde geçirilendigi bilinýär.Türk we dünýä jemgyýetçiligi şol opeasiýadan Prezident Erdoganyň 30-njy aprelde beren beýanaty bilen habarly boldy.

Soňky operasiýa hakyndaky giňişleýin maglumatlar “Anadoly” habarlar gullugy arkaly berildy Beýan edilmegine görä Abu Huseýine guralan operasiýa dört sagat dowam edipdir we boýun egmegi üçin çagyryş edilipdir.Afrin-Jineres sebitinde ýerleşýän binada bolan Abu Huseýiniň başga ýere geçjekdigi hakyndaky maglumatyň alynmagyndan son operasiýa guramak hakynda karara gelinendigi we terror guramasynyň liderini sag ele salmagyň maksat edinilendigi görülýär. Şeýlelikde operasiýa guralan bina seredilende binanyň howa hüjümine sezewar bolmandygy görülýär.

Milli howpsuzlyk gullygy Abu Huseýiniň sag ele salynmagy üçin uly tagalla edendigi mälim. Şeýle hem Abu Huseýiniň ele düşmezlik üçin öz-özüni partladandygy habar berildy DEAŞ-yň ozalky liderleri Abubekir Babdadi we Abu Haşim hem kamikaze keltekçeleri bilen özlerini partladypdy.

Munuň terror guramasynda däbe öwrülendigi görülýär.

Abubekir Bagdady we DEAŞ-yň ondan soňky liderleriniň ählisiniň Siriýada öldürilmegi üns çekiji hasabat bolmagynda galýar.Mälim bolşy ýaly DEAŞ, Yrakda ýüze çykan terror guramasydygyna garamazdan 2012-2013-nji ýyllardan başlap, Siriýa ýaýrady.

Abu Hasandan başda ähli liderler Siriýanyň demirgazygynda täsirsiz ýagdaýa getirildy Diňe Abu Hasan Derada täsirsiz ýagdaýa getirildy Ol DEAŞ-a degişli güýçleriň azat edilen sebitlerde has erkin gizlenme mümkinçiligine eýedigini piki edýändigini görkezýär. Şeýlelikde adybir sebitler birnäçe ýyldan bäri haosuň we söweşin merkezi bazasy bolup gelýär.

Emma 2020-nji ýyldan bäri serhetleriň üýtgemezligi we söweşiň diňe front liniýalaryndaky çaknyşyklar görnüşinde dowam etmegy ýerli howpsuzlyk güýçleriniň hem, Milli howpsuzlyk guramaynyň hem ünsüni kesgitli operasiýalara gönükdirmegine şert döretdy Şeýlelikde Milli howpsuzlyk guramasy soňky ýyllarda köp sanly kesgitli antiterror operasiýasyny gurady.

Ýene degişli makalalar

Terrorizme garşy göreşde täze döwür
Türkmenistan Durnukly ulagyň dostlary toparynyň Ministrler derejesindäki ilkinji duşuşygyna gatnaşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow TDG sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşýar
Berdimuhamedow türki ýurtlaryň garaýyşlarynyň dünýädäki syýasy ýagdaýlara täsir etmelidigini aýdýar
Türki Döwletleriň Guramasyna täze baş sekretar bellener
Samarkantda Türki döwletleriň guramasynyň sammiti geçiriler