Delide emeli ýagyş ýagdyrmak isleýärler

Delide zyýanly gurumly tüsse bilen göreşmek maksady emeli ýagyş ýagdyrmak isleýärler. Hindistanyň paýtagtynyň häkimiýeti şeýle meýilnamany eýýäm Ýokary kazyýete hödürlemekçi bolýar.

Soňky hepdede goýy tüsse zerarly şäherdäki adamlar demigip ugradylar.Howadaky zyýanly maddalaryň düzümi 10 esseden geçdi.Onuň hil görkezijisi bolsa 450-den geçýär. Şeýle ýagdaýda ol howply derejede hapalanan hasaplanýar.

Güýz paslynda bu yzygiderli bolup geçýär, sebäbi hasyl ýygnalandan soň 20 million tonnadan gowrak sypal galýar we gadagan edilendigine garamazdan, fermerler samanlary göni ekin meýdanlarynda ýakýarlar.Netijede, ähli tüsse Deliniň üstüne gelýär.

Şeýle gurumly tüssede ýurduň esasy gözellikleriniň biri bolan Täçmahal hem ýitip gitdi. Şeýle tüsseden dem almak – günde 50 çilimi çeken ýalydyr diýip, hindi alymlary belleýär. Howanyň hapalanmagy adamlaryň ömrüni tas 12 ýyl azaldýar diýlip hasaplanýar.

Ýene degişli makalalar

Owadandepe türmesinde 'ýitirim edilen' ýene bir tussagyň ykbaly barada täze maglumatlar peýda boldy
Türkmenistanyň Hindistandaky ilçihanasy Haýdarabat we Pune şäherlerindäki uniwersitetlerde duşuşyk geçirdi
Türkmen Bitaraplygy dünýä nusgalyk
18-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Hünärmenler täze halkara reýsleriň daşary ýurtlulary, Türkmenistana girizmeden, üstaşyr geçirmäge niýetlenendigini aýdýarlar
Delide howa 48 gradus gyzdy
Hindistanda Aşa Yssy Howa Sebäpli 16 Adam Ýogaldy