Demir magdanyny baýlaşdyrylymagyň ykdysady taýdan peýdasy ýokarlandy

Demir magdanyny baýlaşdyrylymagyň ykdysady taýdan peýdasy ýokarlandy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň ylmy işgärleriniň toparyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik baradaky döwlet gullugynyň 836 belgili patenti gowşuryldy.Himiýaçylar Gyzylgaýa käninde düzümi demirli magdany baýlaşdyrmagyň ýönekeý, emma netijeli usulyny işläp taýýarladylar we ony ýurduň sement senagatynyň kärhanalaryna ornaşdyrdylar.

Ol birnäçe gezek suwa ezmegiň we kolloid bölejiklerinden arassalamagyň hasabyna belli bir ölçegde owradylan magdanda demir oksidiniň düzümini artdyrmagy göz öňünde tutýar.

Bu usulyň önümçilige ornaşdyrylmagy sement çykarmak üçin ýerli çig mal magdanynyň düzüminde demir oksidiniň möçberini zerur 40% ýetirmäge mümkinçilik berdi.Sement önümçilgi üçin demir magdanyny baýlaşdyrmagy alymlar Türkmenistanda ilkinji gezek amala aşyrdylar.

Bu synag çig malyň Gyzylgaýa käniniň düzümi demirli magdanynyň belli bir derejede gaýtadan işlenenden soň sement önümçiliginde ulanyp boljakdygyny subut etdi.Ozal gurluşyk materialynyň bu komponenti daşary ýurtlardan satyn alynýardy.

Daşary ýurtlardan getirilýän önümleri ýurdumyzda öndürmek döwlet maksatnamasynyň çäklerinde TYA-nyň Himiýa institutynyň alymlary Türkmengeologiýa Döwlet korporasiýasy bilen bilelikde Tüwergyr dag-magdan sebitiniň tebigy serişdelerini ulanmak mümkinçiligini öwrendiler we Çagyl käninde düzümi demirli çig mal almagy guramaga kömek etdiler. Ýerli çig mal demir oksidi dolulygyna daşary ýurtlardan getirilýäniň ornuny tutdy.

Daşary ýurtlardan getirilýän demir magdanyndan ýüz öwrülmegi netijesinde ýylda ABŞ-nyň birnäçe million dollary möýberinde serişde tygşytlanylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Gyzylgaýa meýdançasyndaky demir-magdan käni ýurduň gurluşyk senagaty üçin täze mümkinçilikleri açýar
Demir magdanyny baýlaşdyrylymagyň ykdysady taýdan peýdasy ýokarlandy
Türkmen himiýaçylary düzümi demirli magdany baýlaşdyrmagyň ýönekeý usulyny tapdylar
Türkmen himiýaçylary düzümi demirli magdany baýlaşdyrmagyň ýönekeý usulyny tapdylar
05.04.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisi