Türkmenistanda demir magdanynyň ýatagy tapyldy

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Gyzylgaýa şäherçesiniň çäginde ýerleşýän Çagyl ýatagynyň Gyzylgaýa-V meýdançasynda demir magdanlary ýüze çykaryldy. Bu barada prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa 5-nji aprelde wise-premýer Mämmethan Çakyýew habar berdi.

TDH-nyň habar bermegine görä, magdan ýatagynda demir magdanynyň 70-75 million tonna möçberindäki gorlary ýüze çykaryldy, tapylan magdanyň düzüminde demriň mukdary 20 göterime deň. Häzir alnan demir magdanynyň tehnologik synag işlerini kärhanalarda geçirmek meýilleşdirilýär.

Prezident bar bolan magdan gorlarynyň we beýleki baýlyklaryň netijeli peýdalanylmagy, olaryň gaýtadan işlenilmegi bilen baglanyşykly meselelere ähmiýet berilmeginiň möhümdigini belledi.

Ýatladýarys, Gurbanguly Berdimuhamedow 2018-nji ýylyň noýabrynda “Türkmengeologiýa” döwlet kompaniýasyndan täze magdan ýataklaryny gözläp tapmagy talap etdi.

Myratgeldi Meredow 18-nji ýanwarda prezidente ýurtda agyz suwunyň täze ýatagynyň, şeýle-de, ýerli gurluşyk materiallaryny öndürmäge mümkinçilik berjek mineralyň tapylandygyny habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Gyzylgaýa meýdançasyndaky demir-magdan käni ýurduň gurluşyk senagaty üçin täze mümkinçilikleri açýar
05.04.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisi
Demir magdanyny baýlaşdyrylymagyň ykdysady taýdan peýdasy ýokarlandy
Türkmen himiýaçylary düzümi demirli magdany baýlaşdyrmagyň ýönekeý usulyny tapdylar
Türkmen himiýaçylary düzümi demirli magdany baýlaşdyrmagyň ýönekeý usulyny tapdylar