Demirgazyk Koreýanyň Sary deňze tarap ganatly raketalar atandygy habar berildi

Demirgazyk Koreýanyň Sary deňze tarap ganatly raketalar atandygy habar berildi

Günorta Koreýanyň Baş ştabyndan berilen beýanatda, ýerli wagt bilen sagat 07:00-da uçurylan raketalaryň, Demirgazyk Koreýanyň geçen ýylyň sentýabr aýyndan soň synagdan geçiren ilkinji ganatly raketalardygy mälim edildi.

Günorta Koreýanyň goşunynyň hüşgärlik derejesini artdyrandygy bellenen beýanatda: "Demirgazyk Koreýanyň meçew bermelerine gözegçilik etmek üçin ABŞ bilen hyzmatdaşlykda işleşýäris" diýip habar berildi.

Beýanatda Hwasal-1 ýada Hwasal-2 kysymly we gury ýerde uçurylandygy çak edilýän, sanynyň beýan edilmedik raketalaryň gysga aralykly bolmandygy bellendi.

Demirgazyk Koreýanyň habarlar agentlgiiniň 19-njy ýanwardaky habaryna görä ýurtda taýarlyk tapgyrynda bolan "Haeil-5-23" suwasty ýadro ýarag ulgamy hem synagdan geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Russiýa: "Üç ýaşaýyş zolagyny gözegçilik astyna aldyk" diýdi
Demirgazyk Koreýa Ýaponiýa deňizine tarap raketa uçurdy
Gazada ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär
Türkiye, Çiliniň kararyna reaksiýa bildirdi
Gazada meningit we gepatit-c başlandy
Germaniýada ýedi merkezi aziýaly, şol sanda bir türkmenistanly terrorçylykda aýyplanýar
Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümlerinde ýogalan palestinalylaryň sany 34 müň 488 adama ýetdi