Gazada meningit we gepatit-c başlandy

Gazada meningit we gepatit-c başlandy

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Ysraýylyň hüjümleri sebäpli ýerlerinden göçürilen palestinalylaryň arasynda kanalizasiýadaky lagym suwlarynyň aşmagy we agyz suwunyň ýoklugy sebäpli saglygy goraýyş bilen bagly meseleler ýüze çykmaga başlandygy habar berildi.

Beýanatda meningit we gepatit-c wakalarynyň anyklanandygy bellenip, köçlerde we bosgun düşelgelerinde ençeme keseliň başlandygy we şol ýagdaýyň esasan hem çagalaryň arasynda saglyk betbagtlygy howpuny emele getirýändigi barada duýduryş berildi.

Ministrligiň beýanynda degişli halkara we gumanitar guramalara "zerur we tiz wagtda çäreler görmek" barada çagyryş berildi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň Gaza zolagyna garşy hüjümleri dowam edýär
Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär
Türkiye Ysraýylyň manipulýasiýa etmek bilen bagly tagallalaryna üns bermezlik barada duýduryş berdi
Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümlerinde ýogalan palestinalylaryň sany 34 müň 596 adama ýetdi
Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümlerinde ýogalýan palestinalylaryň sany artmaga dowam edýär
Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär
Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümlerinde ýogalan palestinalylaryň sany 34 müň 488 adama ýetdi