Demirgazyk sebitde şaly ýygymy dowam edýär

Türkmenistanyň demirgazygynda köpçülikleýin şaly oragy dowam edýär. Şu ýyl Daşoguz welaýatynda bu ekine sekiz müň bir ýüz gektar ýer bölünip berildi. Ekarançylar şonça meýdandan otuz bäş müň tonna azyklyk önüm ýygnamagy göz öňünde tutýarlar. Olar ýerli toprak-howa şertlerinde gowy gögerýän, ýokary hasylly we kesellere durnukly Nukus-2, Müňbaşy we Alenga sortly şaly ýetişdirdiler.

Ýygymda ýokary öndürijilikli döwrebap kombaýnlaryň 130-sy we ýygnalan hasyly daşamak üçin awtoulaglaryň ençemesi ulanylýar. Şaly demirgazyk sebitde Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň esasan bu ekine ýörüteleşdirilen hojalyklarynyň ikisinde ýetişdirildi. Ony gaýtadan işlemek üçin döwlet tarapyndan kuwwatlylygy ýylda 30 müň tonna çenli şalyny gaýtadan işlemäge niýetlenen we ekarançylary ýokary hilli tohum bilen üpjün edýän ýokary tehnologiýaly kärhana guruldy.

Gallaçylyk pudagy Daşoguz welaýatynyň obasenagat toplumynyň geljegi uly pudaklarynyň biridir. Bu ýerde şalydan başga-da, köp möçberde beýleki däneli we kösükli ekinler hem ýetişdirilýär. Mysal üçin, şu ýyl mäş, künji, noýba öndürilişi ep-esli artdyryldy. Döwlet tarapyndan olary ýetişdirmek üçin ähli şertler döredilen, bu bolsa ýerli ekarançylara ýokary netijeler gazanmaga mümkinçilik berýär.

Ýene degişli makalalar

Gübdogar sebitiň ekarançylary şaly ýygymyna girişdiler
Tüwi hasylyny gaýtadan işlemek dowam edýär
Deňizden öwser ýeli türkmeniň
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanda 8-nji sentýabrda pagta ýygymyna girişiler
Türkmen pagta meýdanlary ir hasyl berip başlady