Gübdogar sebitiň ekarançylary şaly ýygymyna girişdiler

Lebap welaýatynda şaly ýygymy başlandy. Şu ýyl sebitde bu azyklyk ekin 10 müň gektar ýere ekilip, ondan 47 müň tonnadan gowrak şaly ýygnamak göz öňünde tutulýar. Ýurduň gündogarynda ýerli toprak-howa şertlerine ýaramly, ýokary hasyllylygy we kesellere durnuklylygy, şeýle hem datly tagamy bilen tapawutlanýan Nukus-2 görnüşli şaly ekilýär. Ýygymy öz wagtynda, ýokary hilli we ýitgisiz ýygnamak üçin şaly ýygymynyň ähli tapgyrlaryny sazlaşykly alyp barmak boýunça toplumlaýyn çäreler işlenilip taýýarlanyldy.

Sebitiň Çärjew, Halaç we Kerki etraplarynda şaly has köp meýdana ekildi. Şaly ýygymynda ýokary öndürijilikli John Deere we Claas, beýleki ýörütelelşdirilen tehnikalar işledilýär.Türkmenistanyň toprak-howa şertleri göz öňünde tutulyp, suwy halaýan şaly sebitleriň ikisinde Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ýetişdirilýär. Ýurduň demirgazygynda şaly apreliň ahyrynda, günorta-gündogarynda bolsa, iýunda güýzlik galladan boşan ýerlerde ekilip başlanýar. Şaly ýygymy noýabryň ortasyna tamamlanýar.

Ýene degişli makalalar

Lebaply şalyçy daýhanlar döwlet tabşyrygyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
BMG-nyň Baş sekretary 13-nji iýunda Türkemnistana barar
Daşoguzly şalyçylar gowy hilli tohum bilen üpjün edildi
Çöllük ýerleri özleşdirmek meseleleri we daşary ýurtlarda geçirilen ylmy barlaglara syn pudaklaýyn žurnalyň sahypalarynda beýanyny tapdy
27.11.2018 | Daşoguz welaýaty şaly taýýarlamak boýunça tabşyrygy ýerine ýetirdi
Daşoguzly şalyçylar ýyllyk tabşyrygy artygy bilen amal etdiler
Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda awtobus gatnawy ýola goýlar