BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Gutteriş Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sapara ugrýar, ol bu saparyň dowamynda Gazagystanda, Özbegistanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda we Türkmenistanda bolar diýip, BMG-nyň Habarlar merkezi habar berýär.
BMG-nyň başlygy 8-nji iýunda Astana uçar we şol gün agşam Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň gatanyşyjy döwletleriniň baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi mynasybetli guralan dabara gatnaşar.
Baş sekretar şenbede, 10-njy iýunda Özbegistanyň Samarkant şäherine barar we şol ýerde bu ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşar. BMG-nyň başlygy günüň ikinji ýarymynda Nukusa gider hem-de Aral deňzindäki gämiler gonamçylygyna sapar eder.
Soňra, ýekşenbe güni, 11-nji iýunda Baş sekretar Bişkege geler. Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew bilen duşuşykdan soň, Antoniu Gutteriş 2010-njy ýylyň inýun wakalaryna bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin Oş şäherine gider. Laýyk ýedi ýyl ozal bu şäherde etnigara zorluk bolupdy.
BMG-nyň Baş sekretary 12-nji iýunda Täjigistanda, 13-nji iýunda Türkmenistanda bolar. Onuň bu ýurtlaryň prezidentleri bilen duşuşygy planlaşdyrylan. Antoniu Gutteriş Duşenbede durnukly ösüşe bagyşlanan konferensiýada çykyş eder, Aşgabatda Merkezi Aziýada terrorizme garşy göreş strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça ýokary derejede guralan dialoga gatnaşar.
