S.Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän şaly arassalaýjy kärhanada Daşoguz welaýatynyň ýörüteleşdirilen hojalyklary üçin şalynyň “Nukus-2”, “Müňbaşly” we “Alenga” görnüşleriniň ýokary hilli tohumy taýýarlanyldy.Birnäçe ýyl mundan ozal işe girizilen bu döwrebap toplum ýerli sarp edijilere 30 nüň tonna golaý ýokary hilli önüm iberýär.
Kärhananyň düzüminde tohumy awtomatik usulda taýýarlaýan bölüm işleýär. Şaly ady belli “Sataki” kompaniýasynyň ýörüteleşdirilen enjamynda saýlanylýar, arassalanylýar we işlenilip taýýarlanylýar.Tohumlyk şaly laboratoriýa barlaglaryndan geçenden soň gaplanylyp, ammara iberilýär.
Amatly howa we çyglylyk şertleri tohumyň gowy saklanmagyna ýardam edýär.
Şu ýyl Daşoguz welaýatynda sekiz müň bir ýüz gektar ýere şaly ekiler. Esasan S.Türkmenbaşy adyndaky etrabyň ýörüteleşdirilen hojalyklarynda ýerli howa-toprak şertlerine uýgunlaşan şalynyň ýokary hasylly we kesellere durnukly görnüşleri ýetişdirilýär. Oba hojalyk önümlerini öndürijileriň döwlet tarapyndan goldanylmagy, döwrebap tehnikalar parkynyň bolmagy demirgazyk sebitiň ekarançylarynyň gymmatly azyk önümini öndürmekde ýokary görkezijiler gazanmagyna ýardam edýär.
