Daşoguzda şalynyň täze hasyly ýygnalyp başlandy

Daşoguzda şalynyň täze hasyly ýygnalyp başlandy

Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda häzirki wagtda şaly ýygymy başlandy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Habara görä, dänäniň sorty saýlananda ýerli howa şertlerinde özüni gowy tanadan hem-de ýokary hasyllylygy bilen tapawutlanan “Nukus-2”, “Müňbaşy” we “Alenga” ýaly görnüşlere isleg bildirildi.

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky we “27-nji oktýabr” ýöriteleşdirilen daýhan birleşikleriniň daýhanlary ýurduň demirgazyk sebitinde şalynyň bu görnüşiniň esasy öndürijileridir. Sebitiň daýhanlary her gektardan azyndan 40-45 sentner hasyl almagy göz öňünde tutýarlar.

Umuman şu ýyl Türkmenistanyň demirgazyk sebitiniň daýhanlary şalynyň 35 müň tonna hasylyny ýygnap, kabul ediş ammarlaryna tabşyrmagy meýilleşdirýär.

Mundan başga-da, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň çäginde döwrebap şaly arassalaýjy kärhanasy hereket edýär. Şalyny gaýtadan işleýän hususy kärhanada dünýäniň iri kompaniýalarynyň iň döwrebap enjamlary ornaşdyrylandyr. Bu kärhanada gaýtadan işlenilýän şaly ýokary hilli bolup, ýurdumyzyň bazarlarynda uly islegden peýdalanylýar.

Ýene degişli makalalar

BMG-nyň Baş sekretary 13-nji iýunda Türkemnistana barar
Daşoguzly şalyçylar gowy hilli tohum bilen üpjün edildi
Çöllük ýerleri özleşdirmek meseleleri we daşary ýurtlarda geçirilen ylmy barlaglara syn pudaklaýyn žurnalyň sahypalarynda beýanyny tapdy
27.11.2018 | Daşoguz welaýaty şaly taýýarlamak boýunça tabşyrygy ýerine ýetirdi
Daşoguzly şalyçylar ýyllyk tabşyrygy artygy bilen amal etdiler
Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda awtobus gatnawy ýola goýlar