Denizli welaýatynyň Tawas etrabynyň Nikfer etrapçasyndaky 2420 metr belentlikde ýerleşýän Bozdagda Denizliniň şäher häkimligi tarapyndan 2016-njy ýylda döredilen lyža merkezine gara ýoluň üsti bilen şäherden takmynan 1 sagat dowam edýän ýolagçylyk bilen baryp bolýar.
Täze başlaýanlar, orta derejede bilýänler we tejribeli lyžaçylar üçin jemi 10 km uzynlygyndaky 3 zolaga eýe lyža merkezinde, sagatda 1 müň adamy daşap bilýän 2 aýry lift göterijisi bilen 250 adamlyk lyža göterijisi hyzmat berýär.
Geçen ýyl 14-nji ýanwarda açylan we 300 müň adamyň gelen lyža merkezi, şu ýyl garyň galyňlygy 50 sm bolmagyna garamazdan lyžaçylara hyzmat bermäge başlady.
