Dewin Heýni Lomaçenkony ýeňip, çempionlyk guşaklaryny özünde saklap galdy

Dewin Heýni Lomaçenkony ýeňip, çempionlyk guşaklaryny özünde saklap galdy

Aşgabat wagty bilen 21-nji maýda irden ABŞ-nyň Las-Wegas şäherinde professional boks agşamy geçirildi.

Agşamyň merkezi tutluşygynda ýeňil agram derejesinde dünýäniň absolýut çempiony amerikaly Dewin Heýni ozalky çempion ukrainaly Wasiliý Lomaçenko bilen söweşdi.

Tutluşygyň birinji raundy deňeçer ýagdaýda geçdi. Ikinji we üçünji raundlarda Lomaçenko rüstem hereket etdi. Tutluşygyň ortasyndaky raundlarda Heýni garşydaşyndan has işjeň ýagdaýda urgular geçirdi. Onunjy we on birinji raundlar bolsa üstünlik Lomaçenko tarapda boldy. Tutluşygyň soňky raundynda ýene-de Heýni işjeňlik görkezdi. Netijede, eminler biragyzdan (116:112, 115:113, 115:113) Dewin Heýniniň ýeňiş gazanandygyny ykrar etdiler.

Şeýlelikde, ýeňişli ýörişini dowam etdirýän Dewin Heýni özüne degişli WBA Super, WBC, IBF we WBO çempionlyk guşaklarynyň ählisini saklap galmagy başardy.

Ýeri gelende bellesek, bu ýeňiş Heýni üçin professional karýerasyndaky 31-njisi boldy. Şolaryň 15-si nokaut arkaly gazanylan ýeňişlerdir.

Ýene degişli makalalar

“The Ring” žurnaly 2020-nji ýylyň iň gowy boksçylaryny belli etdi
Ak Ýol Cola promo-aksiýasy gymmat bahaly sowgatlary utmaga mümkinçilik berýär
Mewlüt Çawuşogly Nýu-Ýorkda ikiçäk duşuşyklaryny dowam etdirýär
ABŞ-da polisiýa işgärleriniň eden-etdilikleri jezasyz galdy
Sportuň taryhynda şu gün 6-njy noýabr
Lamar Pulitzer baýragyna laýyk görüldi