Dinozawrlaryň keşbindäki egin-eşikli üýşmeleňi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmek isleýärler

Dinozawrlaryň keşbindäki egin-eşikli üýşmeleňi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmek isleýärler

Kanadanyň Dranheller şäherjiginiň ýaşaýjylary dinozawrlaryň eşigini geýnip, köpçülikleýin dabara guradylar, olar Ginnesiň rekordlar kitabyna girmek isleýärler diýip, TASS habarlar gullugy habar berdi.

Geçen dynç alyş günleri dinozawrlar şäherjigiň köçelerini doldurdylar. Olary sanamak üçin üç müň sany ýörite bilezik gowşuryldy. Dabara Kanadanyň we ABŞ-nyň beýleki şäherlerinden hem adamlar gatnaşdylar diýip, Calgary

Herald neşiri ýazýar. Öňki rekord 2019-njy ýylda Los-Anjelesde hasaba alyndy, oňa 252 adam gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

Iýmit, aşpezçilik sungaty we hyzmatlar
Ýolagçylaryň taksilerde unudýan geň zatlary sanaldy
ABŞ-da Muhammet Alynyň öýi satuwa çykaryldy
Kofe galyndysyndan ýasalan galam
Dünýäniň iň gymmat şäheri
Gollandiýaly aýakýalaňaç 3,5 müň kilometr ýol geçip, dünýä rekordyny goýdy