Disket we CD talap edilmez

Tehnologiýanyň ösen ýurdudygyna garamazdan, Ýaponiýada käbir ugurlarda köp ýerde möwriti tamamlanan tehnologiýanyň ulanylýandygyny görmek bolýar. Ýurtda haýsydyr bir edara ýüz tutulanda şahsy maglumatlar disket ýa-da CD arkaly tabşyrylýar. Ösen internet hem-de kompýuter tehnologiýasy ýanyňda göterilýän maglumat göterijilerden we “bulut” tehnologiýasyndan peýdalanýandygy sebäpli disket hem-de CD bireýýäm ulanyşdan galdy.

Köp ýerde resminamalar elektron poçtalar ýa-da elektron portallar arkaly kabul edilýär.Tehnologiýany döredýän ýurtdygyna garamazdan käbir köne tehnologiýalar hem ulanyşdan galmandyr.Häzire çenli ýurtda resmi kagyzlar disket ýa-da CD bilen bilelikde tabşyrylýardy. Şahsy maglumatlary internet arkaly ibermek howpsuzlyk sebäpli gadagandy.

Bu ýagdaý ýurtda köp mukdarda CD-niň ulanylmagyna getirýärdi.Bu bolsa, daşky gurşawa zeper ýetirýär.Mundan beýläk bu düzgün ýatyryldy.Täze düzgüne görä, raýatlara belgi berler.

Diňe şol raýata degişli bolan belgi arkaly resmi ýüztutmalar amala aşyrylar.Keremberdi Mämmedow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutunyň talyby

Ýene degişli makalalar

Kerem Abu Salim Gümrük Geçelgesi Açyldy
Täze film halk köpçüligine görkezildi
Türk Pälwanlary Bütindünýä Göreş Çempionadynda 11 Medal Aldy
Türkiýe Ugandada Ýetimler Öýüni Açdy
Görelde gören sahna ussady
Bundesliga birinji tapgyr: Azmunyň topary ýeňildi