Täze film halk köpçüligine görkezildi

8-nji dekabrda “Aşgabat” kinoteatrynda Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň surata düşüren “Ynsan syrdaşy” atly çeper filmiň görkezilişi boldy.

Bu film Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen alabaýy” atly kitaby esasynda ýazyjylar, Öwezmyrat Berdimyradow bilen Atamyrat Şagulyýewyň ssenariýasy boýunça surata düşürildi.Filmde türkmen alabaý itiniň diňe bir ynasyň dosty bolman, eýsem syrdaşydygy çeper beýan edilýär.

Filmde baş gahrymanlar, Leýli bilen Keremiň alabaý güjüjigiň sebäp bolmagy bilen maksat myratlaryna ýetişleri çeper beýan edilýär.Esasy belläp geçmeli zat bolsa, ýaşajyk zehinleriň ýagny mekdep okuwçylarynyň hem özlerine ynanylan keşpleriň hötdesinden gelip bilendikleridir.

Kerem oba oglany çopanyň çolugy bolup goýun bakyp ýörkä Leýli bilen onuň jigisi Öwezjige gabat gelýär. Öwezjigiň Keremiň yzyna düşüp gelýän alabaý itine gözi düşüp, onuň hem şonuň ýaly it edinesi gelýär we Keremden alabaý güjüjegini tapyp bermegini soraýar.

Kerem Öwezjigiň haýyşyny ýerine ýetirýär. Öwezjik güjüjegine Garagöz diýip at dakýar.Garagözüň sebäp bolmagy bilen hem Keremiň maňlaýy açylyp, Öwezjigiň dogany Leýli bilen, maksat-myradyna ýetýär.

Filmiň sahnalary ýurdumyzyň dürli künjeklerinde surata düşürildi. Film Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Mämmetýar obasynda, şeýle hem Türkmenistan daýhan birleşiginiň çopan goşunda, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Akdaşaýak ýaşaýyş jaý toplumynda surata düşürildi.

Filmde ýaş Keremiň keşbini Döwran Saryýew, Ýaş Ogullanyň keşbini bolsa paýtagytymyzyň 53-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Leýli Amanheldiýewa dagy janlandyrdylar. Öwezjigiň keşbini paýtagtymyzyň 135-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy Ysmaýyl Baýramow, Balbäbegiň keşbini bolsa paýtagtymyzyň 113-nji orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy Isgender Nazarow dagylar göwnejaý janlandyrmagy başarypdyrlar. Şeýle hem filmde Keremiň garrylyk pursatynda Meretli Orazlyýew, Leýliniň garrylyk pursatynda bolsa Döndi Sapardurdyýewa dagylar çykyş edýärler.

Artistler Hezret Öwezow, Bike Garýagdyýewa, Orazgeldi Durdyýew, Öwez Hudaýgulyýew dagylar, filmde özlerine ynanylan keşpleri ussatlarça janlandyrmagy başarypdyrlar.Bu filmi surata düşüren, ýagny filmiň goýujy kinorežissýory Zülfiýa Kadyrowa, goýujy suratkeşi halypa suratkeş Baýram Patyşagulyýew.

Bu film tomaşaçylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşy alyndy.Bize bolsa filmi dörediji topara döredijilik üstünligini arzuw edäýmek galýar.

Döwletmyrat Hojaberdiýew,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň “Teatr sungaty” fakultetiniň “Aktýorçylyk sungaty” ugrynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Söhbediň aýdymy bilen adygan
Türkiýe Ugandada Ýetimler Öýüni Açdy
Disket we CD talap edilmez
Görelde gören sahna ussady
Bundesliga birinji tapgyr: Azmunyň topary ýeňildi
Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Gadyr gijesi bilen gutlady