Diýar žurnalynyň redaksiýasy döredijilik bäsleşigini yglan etdi

Diýar žurnalynyň redaksiýasy döredijilik bäsleşigini yglan etdi

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, Diýar žurnalynyň redaksiýasy döredijilik bäsleşigini yglan etdi.

Bäsleşige gatnaşyjylar Magtymguly Pyraga hem-de onuň edebi mirasyna bagyşlanan, dürli žanrlardaky çeper-publisistik makalalary hem-de şekillendiriş sungatynyň dürli görnüşlerinde ýerine ýetirilen eserleri hödürläp bilerler. Bäsleşige hödürlenjek eserler türkmen, rus, iňlis dillerinde ýazylyp bilner.

Bäsleşige gatnaşyjylar iberýän eseriniň ýanyna özi hakyndaky maglumatlary (işleýän we ýaşaýan ýeriniň salgysy, doglan ýyly, hünäri, 3x4 ölçegli fotosuraty, elektron salgysyny) hem goşmalydyr.

Eserler kompýuterde ýyglyp, elektron görnüşinde (Times New Roman 14-lik şrifti, 1,5 setirara ölçeglerinde) şu salga ýollanylmalydyr: diyar-zurnaly@sanly.tm

Bäsleşige hödürlenen iň gowy eserler Diýar žurnalynda yzygiderli çap ediler. Bäsleşigiň ýeňijileri žurnalyň döredijilik işgärlerinden ybarat eminler toparynyň gelen netijesi boýunça kesgitlener.

Bäsleşigiň jemleri 2024-nji ýylyň dekabr aýynda jemlenip, ýeňijiler Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar, şeýle-de işjeň gatnaşanlar höweslendiriji baýraklar bilen sylaglanar.

Habarlaşmak üçin:

Diýar žurnalynyň redaksiýasynyň telefon belgileri: 39-95-30, 39-95-22, 39-96-13

Elektron salgysy: diyar-zurnaly@sanly.tm

Ýene degişli makalalar

Ýaşlyk joşguny
Türkmen milli dünýä dilleri instituty nemes dili boýunça olimpiada geçirer
Ýaş ussat ýerine ýetiriji we sazanda mugallymlaryň üstünlikleri
28-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki desgalaryň 42-si satuwa çykarylýar
Aşgabadyň okuw merkezleriniň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça bäsleşik geçirildi