Türkmen milli dünýä dilleri instituty nemes dili boýunça olimpiada geçirer

Türkmen milli dünýä dilleri instituty nemes dili boýunça olimpiada geçirer

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty ýurduň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 9 — 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda 2024-nji ýylyň 11-nji martynda nemes dili dersi boýunça birinji olimpiadany geçirmegi meýilleşdirýär.

Olimpiada iki tapgyrda geçiriler:

Birinji tapgyr — Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy atly düzme ýazmak. Düzme 500 sözden ybarat bolup, Times New Roman şriftinde, 14 ölçegde, 1,15 setir arada ýazylmalydyr. Düzmeler ekayevamaral99@gmail.ru salga 2024-nji ýylyň 29-njy fewralyna çenli iberilmeli. Birinji tapgyryň netijeleri esasynda saýlap-seçiş topary tarapyndan saýlanan 15 okuwçy ikinji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanar.

Birinji tapgyryň netijeleri 2024-nji ýylyň 7-nji martynda yglan ediler we gatnaşyjylaryň elektron salgysyna iberiler. Olimpiadanyň ikinji tapgyrynyň ýumuşlary nemes dilinde okap düşünmek, diňläp düşünmek we ýazmak boýunça ýumuşlardan ybarat bolar. Olaryň ýerine ýetirilmegine 90 minut wagt beriler.

Ýene degişli makalalar

Halkara internet olimpiadasynyň ýeňijisi
Mekdep okuwçylarynyň arasynda nemes dili dersi boýunça olimpiada geçirildi
Änew şäheri geçmişiň buýsançly sahypalary
Saz eýlese dutar - gyjak
Gadymy Änew medeniýeti
Abadan ýurduň bagtyýar geljegi