Gadymy Änew medeniýeti

Gadymy Änew medeniýeti

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet atly täze kitaby barada Gadymy Änew medeniýeti atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Gadymy Änew topragy hakynda gyzykly taryhy maglumatlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet atly täze kitabynda has giňişleýin beýan edilýär.Ylmy we taryhy nukdaýnazardan seredeniňde örän gymmatly maglumatlary özünde jemleýän bu gollanma Gadymy Änewiň täsinligi, Taryhy birleşdirýän uly wakalar, Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar atly baplardan birnäçe bölümlerden ybarat bolup, bu ajaýyp kitaby okanyňda müňýyllyklaryň jümmüşine syýahata alyp gidýär. Änew ynsanyýetiň gadymy ojagy.

Bu ýerde müňlerçe ýyl ozal ýaşaýyş gaýnap-joşupdyr.Ilkinji gezek ak bugdaý ösdürilip ýetişdirilipdir.Bu gün şäheriň şan-şöhraty gaýtadan dikeldildi. Änew Pähimpaýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda bütin türki dünýäniň medeni paýtagty boldy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet atly täze kitaby parasatly Prezidentimiziň geçmişe bolan sarpasydyr, taryhymyza bolan buýsanjydyr.Kitabyň her baby türkmen halkynyň taryhy geçmişini, milli-medeni gymmatlyklary hem-de baý medeni mirasy we ruhy däp-dessurlary goramak, gorap saklamak we ýaýmak boýunça alnyp barylýan işler barasynda umumy düşünje döredip, neşiriň umumy gurluşyna goşant goşýar.

Çäräniň ahyrynda abadan we bagtyýar durmuşda ýaşadýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Medeni taryhymyz, ruhy mirasymyz
Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Oraza baýramy bilen gutlady
Kitap geçmiş bilen geljegiň arasyndaky ruhy köpri
Hormatly Prezidentimiziň Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet atly kitaby
Änew şäheri geçmişiň buýsançly sahypalary