Änew şäheri geçmişiň buýsançly sahypalary

Änew şäheri geçmişiň buýsançly sahypalary

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasy bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň bilelikde guramagynda Änew şäheri geçmişiň buýsançly sahypalary ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet galamyndan çykan Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet atly kitaby Änew şäheriniň 2024-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi hem-de Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda giň okyjylar köpçüligine gymmatly sowgat bolandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de bu ajaýyp eserde dünýä swilizasiýasynyň ösüşine mynasyp goşant goşan, halkymyzyň baý medeni mirasyny, taryhyny düýpli öwrenmekde we ony giňden wagyz etmekde bahasyna ýetip bolmajak gollanma bolup durýandygy barada belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda bagtyýar şu günümiziň ösüşlerini dowamat-dowama besleýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Medeni taryhymyz, ruhy mirasymyz
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Oraza baýramy bilen gutlady
Hormatly Prezidentimiziň Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet atly kitaby
Kitap geçmiş bilen geljegiň arasyndaky ruhy köpri
Gadymy Änew medeniýeti
Magtymguly Pyragy - türkmeniň milli şahyry