Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet

Änew  müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda hormatly Prezidentimiziň Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet atly gymmatly kitaby barada syn geçirildi.

Bu ajaýyp kitabyň many-mazmuny hakynda giňişleýin gürrüň etmek bilen diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, bütindünýä mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan gadymy Änew medeniýeti baradaky gymmatly maglumatlardan, ony düýpli öwrenmekde alnyp barlan arheologik barlaglar baradaky gyzykly gürrüňlerden söhbet açýar.

Gymmatly eser Gadymy Änewiň täsinligi, Taryhy birleşdirýän uly wakalar, Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar atly baplardan hem-de Rowaýata öwrülen geçmiş, Gatar-Bagabat-Änew, Gadymy Änew medeniýeti, Änewiň arheologik däpleriniň öwrenilişiniň taryhynda, Änew medeniýeti we türki dünýä, Geçmişiň syry galan toprak, Watan hakyndaky müdimi owaz atly bölümlerden ybarat bolup, ol ýaş nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemekde, milli mirasymyzy döwlet we halkara derejesinde giňden wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýedigi hakynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Çykyş edenler söhbetleriniň ahyrynda halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna uly sarpa goýup, olary dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri alyp barýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Hakyda göwheri döredijilik ylhamy
Gorkut ata halkara kinofestiwaly badalga aldy
Saglyk desgasynyň gurluşyk meýdanyna amala aşyrylan sapar pudakdaky problemalara çyra tutdy
Arkadagda döwlet ýolbaşçylarynyň portretleriniň we heýkelleriniň aşagynda meýdan eden gurluşyk işçileri welaýatlaryna iberildi
Gahryman Arkadagymyzyň Hakyda göwheri atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
Ylym-bilimde ýol-ýörelge, Arkadagyň eserleri
Türkmenistanda häkimiýetler hususy awtoýuwalgalaryň we dükanlaryň onlarçasyny duýdansyz ýapdy