Hormatly Prezidentimiziň Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet atly gymmatly kitaby

Hormatly Prezidentimiziň Änew  müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet atly gymmatly kitaby

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda hormatly Prezidentimiziň Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet atly gymmatly kitaby barada tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler bu ajaýyp kitabyň many-mazmuny hakynda giňişleýin gürrüň etmek bilen diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, bütindünýä mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan gadymy Änew medeniýeti baradaky gymmatly maglumatlardan, ony düýpli öwrenmekde alnyp barylýan arheologik barlaglar baradaky gyzykly gürrüňlerden söhbet açýar.

Gymmatly eser Gadymy Änewiň täsinligi, Taryhy birleşdirýän uly wakalar, Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar atly baplardan hem-de Rowaýata öwrülen geçmiş, Gatar-Bagabat-Änew, Gadymy Änew medeniýeti, Änewiň arheologik däpleriniň öwrenilişiniň taryhyndan, Änew medeniýeti we türki dünýä, Geçmişiň syry galan toprak, Watan hakyndaky müdimi owaz atly bölümlerden ybarat bolup, ol ýaş nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemekde, milli mirasymyzy döwlet we halkara derejesinde giňden wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýedigi hakynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Şeýle hem, söhbetdeşligiň dowamynda çykyş edenler BEKU-nyň işini talaba laýyk dolandyrmak we guramak boýunça maksatlaýyn işleri alyp barýan kitaphanaçy hünärmenleriň Usulyýet okuwlarynyň Döwlet kitaphanasynda geçirilişi hakynda söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna uly sarpa goýup, olary dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Gymmaty egsilmejek kitap
Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet
MAGTYMGULYNYŇ DÖREDIJILIGI — DÜNÝÄ MEDENIÝETINIŇ GYMMATLY MIRASY
Türkmenistanyň Prezidenti medeniýet ministrleri derejesinde geçirilýän halkara maslahata gatnaşyjylary gutlady
Türkmen medeniýeti — dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi
Hormatly Prezidentimiziň Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet atly kitabyndan tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik
Türki döwletleriň halkara guramalarynyň soňky aýlarda alyp baran işleri