Dizel bilen hoşlaşar

Dünýäniň iri awtoulag kompaniýalary gibrid hem-de dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän modelleriniň sanyny artdyrmak bilen dizel hereketlendirijili ulaglaryň önümçiligini azaldýarlar. Ýapon awtoulag ägirdi “Toyota” bolsa, dizel awtoulaglarynyň satuwyny käbir ýurtda düýbünden ýatyrdy.

Birnäçe şäherde daşky gurşawy goramak maksatly dizel ýangyçly ulaglar bilen bagly täze çäklendirmeler we düzgünler girizildi.Bu standartlar örän ýokary bolansoň, kompaniýalar hem onuň önümçiligini azaltmaly bolýarlar.Mysal üçin, Germaniýanyň Gamburg şäherinde “Euro5” we ondan has köne hereketlendirijili ulaglar gadagan edildi.

Gollandiýa bolsa, 2030-njy ýyldan başlap, benzin we dizel hereketlendirijili ulaglary doly ýatyrmagy maksat edinýär.Köp ýurtda elektromobiller üçin birnäçe ýeňillik döredilýär.Ýapon brendi gibrid ulaglaryň satuwynda soňky ýyllarda uly öňegidişlik gazandy.

Geçen ýyl “Toyota C-HR” ulagyndan 202 müň 289 sanysy satylyp, dünýäde iň köp satylan gibrid hereketlendirijili model boldy. Ýapon brendiniň 39 gibrid modeli bar. 2016-njy ýylda öndürilip başlanan ulaga iň köp Ýewropa ýurtlarynda isleg bildirilýär. “Toyota” häzire çenli dünýäniň 90 ýurdunda şeýle ulaglaryň 13 milliondan gowragyny satdy.

Ilkinji gezek 1970-nji ýyllarda alternatiw ýangyçly ulaglary kämilleşdirip başlan ýapon brendi ilkinji gibrid ulagy “Prius”-y 1997-nji ýylda satuwa çykarypdy.

Ýene degişli makalalar

Benzin gytçylygy dowam edýär. Köçelerde ulag göze ilmeýär
Howanyň hapalanmagyna garşy göreş
Ýylyň iň köp girdeji gazanan aktýorlary
Demir ýol ulgamyny kamilleşdirmegiň ýollary
Awtoulagyň bat alanda siltenip başlamagynyň esasy sebäpleri
“Forsaž” filmleri 11-nji kinodan soň tamamlanar
Dizel ýangyçly otlular aradan aýrylar