DKTR-da Geçirlen Saýlawda UBP Partiýasy Üstünlik Gazandy

DKTR-da Geçirlen Saýlawda UBP Partiýasy Üstünlik Gazandy

DKTR-nyň Ýokary saýlaw geňeşiniň resmi bolmadyk netijelerine görä, saýlawda UBP partiýasy sesleriň 39,54 göterimini aldy.

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynda geçirlen saýlawda DKTR-nyň Premýer ministri we Milli jebislik partiýasynyň UBP-niň başlygy Faiz Sujuoglunyň üstünlik gazanandygy habar berildi.

Jumhuriýetçi Türk partiýasy JTP sesleriň 32,04, Demokrat partiýa DP 7,41, Täzeden dogulyş partiýasy ÝDP 6,39, Halkyň partiýasy HP 6,68 göterimi aldy.

TDP we TKP partiýalary bolsa 5 göterimlik saýlaw çäklendirmesini geçip bilmedi.

Saýlawyň resmi bolmadyk netijelreine görä, 50 kürsülik Jumhuriýet mejlisinde UBP partiýasy 24, JTP partiýasy 18, DP 3, HP 3 we ÝDP hem 2 halk deputaty bilen wekilçilik eder.

Saýlawda üstünlik gazanan Milli jebislik partiýasynyň UBP-niň başlygy Faiz Sujuoglunyň şäriklik hökümetiniň gurulmagy üçin işe girişjekdiklerini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

GERB partiýasy öňde barýar
Türkmenistanda 2018-nji ýylda azyklaryň we harytlaryň bahalarynyň üýtgeýiş depgini
Indi demir ýol peteklerini poçta bölümlerinden hem satyn alyp bolýar
Elektrik energiýaly täze welosiped
27.08.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapur Respublikasyna döwlet sapary
26.08.2019 | Türkmenistan — Singapur: işewür toparlaryň hyzmatdaşlygynyň geljegi