Dmitriý Medwedew sosial media hasabyndan paýlaşan wideo ýüzlenmesinde, saparynda Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet başlygy Si Szinpin bilen duşuşyk geçirendigini habar berdi.
Häzirki wagtda Russiýanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygynyň orunbasary wezipesini ýerine ýetirýän Dmitriý Medwedew duşuşykda Russiýa bilen Hytaýyň arasyndaky strategik ýaranlygy, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy we Ukrainadaky krizisi maslahatlaşandygyny mälim etdi.
Şinhua habarlar agenltigi sapar barada beren beýannamasynda, Birleşen Russiýa partiýasynyň başlygy Dmitriý Medwedewiň Hytaý komunist partiýasynyň çakylygyna laýyklykda Hytaýa sapar gurandygy, Hytaý komunist partiýasynyň Baş sekretary we ýurduň Döwlet başlygy Si Szinpin bilen duşuşyk geçirendigini habar berdi.
Ozaldan habar berilmedik sapar Russiýanyň we Hytaýyň harby flotlarynyň Ýuwaş okeanynda "Deňiz hyzmatdaşlygy 2022" harby türgenleşiginiň başlan gününe gabat geldi.
Dmitriý Medwedewiň duşuşykda Ukraina krizisini ele alynandygy baradaky beýanaty, Hytaýyň Russiýanyň fewral aýyndaky operasiýa bilen başlan krizis bilen bagly çemeleşmesiniň nähili boljakdygy baradaky soraglary ýüze çykardy.
Hytaý Ukraina krizisiniň başlangyjyndan bäri Russiýa garşy basyp alyşlyk, hüjüm sözlerini we ýazgarmak manysyny berýän beýanatlary ulanmakdan saklandy, BMG-nyň Baş Assambleýasynyň ýazgaryp kabul eden kararynda ses bermekden saklandy.
Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet başlygy Si Szinpiniň Ukraina söweşiniň 24-nji fewraldan başlamagynyň öňüsyrasynda, Pekin Gyşky Olimpiýa oýunlarynda rus kärdeşi Wladimir Putin bilen geçiren duşuşygynda, iki ýurduň dostlugynyň çäginiň bolmandygyny aýtmagy, Günbatar ýurtlary tarapyndan Moskwanyň Ukrainada başlatmagy meýilleşdiren harby operasiýasyna aýlawly ýagdaýda goldaw berýär hökmünde häsýetlendirilipdi.
Günbataryň söweş sebäpli Russiýa ykdysady sanksiýalar girizmeginden soň Moskwa bilen Pekiniň arasyndaky söwda mukdarynyň artandygy hasaba alyndy.
