Dmitriý Peskow gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi

Dmitriý Peskow gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi

Russiýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, ýurduň paýtagty Moskwa şäherinde gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi.

Ýewropanyň Russiýa garşy girizen sanksiýalarynyň "Iki taraply kesgir gylyçdygyny" aýdan Peskow: "Ýewropalylar bu sanksiýalardan zyýan çekýär. Bu sanksiýalar halkara hukuga ters, bikanun çäklendirmeler hökmünde garaýarys" diýip belledi.

Russiýanyň gazynyň Ukrainanyň üsti bilen Wengriýa we Slowakiýa iberilmegi bilen baglanyşykly Ýewropada geçirilmegine garaşylýan gepleşikleriň üstünde durup geçen Peskow: "Russiýa bu söwdanyň dowam etmegini isleýär. Önümlerimizi satmak isleýäris" diýip beýan etdi.

Dmitriý Peskow, Russiýanyň gazynyň ýewropaly sarp edijiler üçin ABŞ-dan getirilen suwuklandyrylan gaz bilen deňeşdirilende bäsdeşlik bahasy sebäpli has amatlydygyny aýtdy.

Russiýanyň energetika kärhanasy Gazprom, degişli ylalaşygyň möhlediniň dolmagy bilen Ukrainanyň üstaşyr Ýewropa tebigy gaz iberilmeginiň 1-nji ýanwarda bes edilendigini habar beripdi.

Ýene degişli makalalar

Putin Makron bilen duşuşmaga taýar
Putiniň raýatlar bilen göni duşuşugy 19-njy dekabrda bolar
Dmitriý Peskow gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi
Russiýa Azerbaýjana degişli uçaryň ýere gaçmagy bilen bagly beýanat berdi
Putin Tramp Bilen Duşuşmaga Taýar
Tramp-Putin duşuşygy üçin taýýarlyklaryň görülýändigi mälim edildi