Döredijilik duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramaklarynda, halypa şahyrlar Halyl Kulyýewiň doglan gününiň 90 ýyllygy, Çary Ýegenmyradowyň doglan gününiň 60 ýyllygy mynasybetli döredijilik duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda çykyş eden döredijilik işgärleri halypa şahyrlar Halyl Kulyýewiň, Çary Ýegenmyradowyň ömri we döredijiligi hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen, bu ussat şahyrlaryň kitaplarynyň şu günki döredijilik işgärlerimize gollanma bolup hyzmat edýändigini bellediler. Şeýle hem, söz sungatynyň hiç wagt könelmeýändigini, ýaş nesillerimiziň halypa ýazyjy-şahyrlarymyzyň eserlerini uly höwes bilen okaýandyklaryny çykyş edenler buýsanç bilen nygtadylar.

Döredijilik duşuşygyna gatnaşanlar türkmen medeniýetine, sungatyna we edebiýatyna uly hormat goýýan, ýazyjy-şahyrlarymyzy sarpalaýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
“Aýy” sahna oýny köpçülige hödürlendi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permany
Ädikçi (Hekaýa)