Döredijilik saparyna gatnaşyjylar Gerkez obasynda boldular

Döredijilik saparyna gatnaşyjylar Gerkez obasynda boldular

Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen Nesil gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde ýaşlaryň arasynda yglan eden bäsleşikleriniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyndan soňra, Balkan welaýatyna amala aşyrylýan döredijilik saparyna gatnaşýan halypa ýazyjy-şahyrlar hem-de ýaş žurnalistlerdir şahyrlar Magtymguly etrabynyň Gerkez obasyna baryp gördüler.

Gerkez obasynda Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän muzeýe gezelenç döredijilik saparyna gatnaşýanlarda aýratyn täsir galdyrdy. Bu ýerdäki gymmatlyklar, hususan-da, Magtymguly Pyragynyň dogany Zübeýda Hindistandan sowgat getiren çäýnegi hem-de Meňlä niýetlän ýüzügi hemmelerde uly gyzyklanma döretdi.

Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan dabarada balkanly sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary tomaşaçylara ruhy lezzet paýlady.

Şeýle-de bu ýerde guralan sergide görkezilen gymmatlylyklar, şol sanda ýerli ussat senetkärleriň ajaýyp eserleri çärä gatnaşýanlaryň ünsüni özüne çekdi.

Magtymguly etrabynyň Gerkez obasyndaky çäreler tamamlanandan soň, döredijilik saparyna gatnaşyjylar etrabyň taryhy ýerlerine baryp gördüler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Magtymguly Pyragy köňülleriň çyragy
Goşa mukaddesligiň baýramy
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI “RUSSIÝA — YSLAM DÜNÝÄSI: KAZANFORUM 2024” XV HALKARA YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞDY
Türkmen ýaşlary Hytaýyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň forumynda çykyş etdi
Türkmen wekiliýeti Hytaýyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň "Geljege köpri --- 2024" forumyna gatnaşýar