Döwlet agdarylyşygyna edilen synanyşykda Erdoganyň janyna kast etmäge çalşan FETÖ agzasy ele salyndy

Döwlet agdarylyşygyna edilen synanyşykda Erdoganyň janyna kast etmäge çalşan FETÖ agzasy ele salyndy

Içeri işler ministrliginden berilen beýannama görä, Içerı işler Baş müdirliginiň Howpsuzluk müdirliginiň utgaşdyrmagynda Afýonkarahisar we Eskişehir welaýat polisi müdirlikleriniň howpsuzlyk bölümleri tarapyndan operasiýa geçirildi.

Geçirilen işleriň netijesinde 15-nji iýuldaky döwlet agdarlyşygyna synanyşykda Prezident Erdoganyň janyna kast etmäge gatnaşan, gyzyl býulleten bilen gözlenilýän, gullukdan çykarylan kapitan we ozalky harby dikuçar uçarmany terrorçy B.K-niň bolýan ýeri anyklandy.

Terrorçy B.K. Afýonkarahisar Polis müdirliginiň Terrorizme garşy göreş bölüminiň işgärleri tarapyndan ele salyndy.

Ministrligiň beýanatynda FETÖ we onuň düzüm birliklerine garşy göreşiň tutanýerlilik bilen dowam etdiriljekdigi nygtalýar.

Gizlin öýde ele salyndy

Şol bir wagtyň özünde, polisde derňew işleri dowam edýän B.K-niň şäher merkezindäki İnaz Deprem Öýlerindäki gurama degişli gizlin öýe guralan operasiýa wagtynda tussag edilendigi mälim boldy.

Howpsuzlyk çeşmeleri kast etmek synanyşygyndan soň tutulmazlyk üçin yzygiderli ýagdaýda keşbini üýtgedip gezen terrorçynyň galp şahsyýet resminamasyny ulanandygyny, ýüz-keşp kesgitleýiş ulgamynda hasaba alynmagy netijesinde anyklanandygyny habar berdi. Şeýle hem, birnäçe wagt bäri gözegçilik astynda saklanýan B.K-niň köp mukdarda pul serişdesı bilen daşary ýurda gaçmaga synanyşýan mahaly ele salnandygy mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe durnukly parahatçylyga goşant goşar
Fetullahçy Terror Guramasy (FETÖ) näme?
Soňky 1 Hepde-de 43 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň maslahaty Prezident Erdoganyň ýolbaşçylygynda geçirildi
Bir Hepede-de 63 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
1 Hepde-de 44 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi