Döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa — Hytaý birinji sammitine gatnaşdy

Döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa — Hytaý birinji sammitine gatnaşdy

19-njy maýda Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa — Hytaý sammitine gatnaşdy.

HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejedäki duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen birlikde, ozal gazanylan döwletara ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine seljerme we syn berildi. Geljekki bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, bu format, gürrüňsiz, Merkezi Aziýada hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berer, gazanylan ylalaşyklar bolsa alty döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň esasyny berkider.

Döwlet Baştutanlary forumyň her iki ýyldan Hytaýda we Merkezi Aziýanyň ýurtlarynda nobatma-nobat geçirilmegi hakynda ylalaşdylar.

Gün tertibine girizilen meseleler ara alnyp maslahatlaşylandan soňra, Szýançžan zalynda resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Merkezi Aziýa — Hytaý sammitiniň Sian Jarnamasy şu duşuşygyň möhüm netijesidir. Jarnamada taraplaryň dostluk we özara düşünişmek ýagdaýynda Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de HHR-iň arasyndaky dostlukly alyşmalaryň netijelerini hemmetaraplaýyn jemländigi, köptaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygyň tejribesini umumylaşdyrandygy, geljekki gatnaşyklaryň ugurlaryny kesgitländigi nygtalýar.

Merkezi Aziýa — Hytaý formatynyň çäklerinde ylalaşmalaryň we başlangyçlaryň Sanawynyň kabul edilmegi hem möhüm ädim boldy.Onda köptaraplaýyn gatnaşyklaryň gurallary we esaslary bellenildi.Gol çekilen resminamalaryň hatarynda alty döwletiň arasynda senagat-maýa goýum babatda hyzmatdaşlygy, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek, sanly söwda, infrastruktura we inženerçilik-gurluşyk, weterinariýa we getirilende hem-de alnyp gidilende ösümlikleriň karantini babatda tehniki hyzmatdaşlyk, işewürler geňeşini döretmek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamalar, şeýle hem Merkezi Aziýa — Hytaý formatynda gümrük edaralarynyň duşuşyklarynyň mehanizmini döretmek barada Düzgünnama bar.

Soňra HHR-iň Başlygy Si Szinpin köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlendi. Sammitiň jemleri barada aýdyp, Hytaý Lideri şu gezekki duşuşygyň wajypdygyny nygtady we Merkezi Aziýa — Hytaý formatyndaky bilelikdäki işiň mundan beýläk-de sazlaşykly we netijeli dowam etdiriljekdigine, onuň dostlukly döwletleriň halklarynyň abadançylygyna we parahatçylygyň, howpsuzlygyň, sebitiň durnukly ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdiriljekdigine ynam bildirdi.

Sammit tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanlary Sian Halkara maslahatlar merkeziniň öňündäki Hytaý — Merkezi Aziýa dostluk seýilbagynda nar agaçlarynyň ýaş nahallaryny oturtdylar.

Ýene degişli makalalar

Wan I: Hytaý — Merkezi Aziýa sammiti Hytaýyň daşary syýasaty üçin möhüm waka boldy
Türkmen diplomaty Merkezi Aziýa-Hytaý sekretariatynyň ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlary Sian Jarnamasyna gol çekdiler
Prezident Serdar Berdimuhamedow Siandaky Dostluk seýilgähinde nar ekdi
Hytaý Merkezi Aziýa ýurtlaryna 3,7 milliard dollar kömek berer
Ikinji Merkezi Aziýa — Hytaý sammiti Gazagystanda geçiriler