
18-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli geçirilýän sergide bolup, ýurdumyzyň işewür düzümleriniň öndürýän önümleri, senagat harytlary hem-de olaryň görnüşleri bilen tanyşdy. Bu ýerde görkezilýän önümler häzirki döwürde milli işewürligiň ösüşiň täze derejesine çykandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Sergi monitor arkaly görkezilýän maglumatlardan başlanýar. Onda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň 15 ýylyň dowamynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, hususy ulgamyň gazanýan üstünlikleri we mynasyp bolan güwänamalary, diplomlary barada giňişleýin maglumatlar berilýär.
Aşgabadyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda guralýan sergide görkezilýän dürli önümler barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew hasabat berdiler.
Döwlet Baştutanymyz telekeçileriň ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşinde möhüm orun eýeleýändiklerini belledi hem-de ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda zerur tagallalaryň ediljekdigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow azyk bolçulygyny, dürli görnüşli önümleriň elýeterliligini üpjün etmegiň wajypdygyny belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.