Wise-premýer B.Atdaýew söwda toplumynda kemçiliklere ýol berendigi üçin wezipesinden boşadyldy

Wise-premýer B.Atdaýew söwda toplumynda kemçiliklere ýol berendigi üçin wezipesinden boşadyldy

Atdaýew Batyr Taganowiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä 6 aý synag möhleti bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň başlygy Nökerguly Hojagulyýewiç Atagulyýew bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Permanlara şu gün sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutany Hökümet mejlisiniň barşynda B.Atdaýewiň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesinde ýurduň söwda toplumynyň işini ýola goýmakda birnäçe kemçiliklere ýol berendigini belledi.

Ýene degişli makalalar

Resmi habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti söwda toplumy boýunça täze wise-premýer belledi
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri mälim edildi