Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar

Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňize mukaddes Gurban baýramy mynasybetli mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmek mende uly şatlyk duýgusyny döredýär.

Gudraty Güýçli Allatagaladan Size berk jan saglyk we bagt, tutuş musulman ymmatyna bolsa rowaçlyk, abadançylyk eçilmegini dileg edýärin.

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Mohammed bin Raşid AL MAKTUM, Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi.

***

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç!

Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin. Bu nurana baýram ruhy päkligi alamatlandyryp, hemmeleri ynsanperwerlige hem-de rehimdarlyga çagyrýar. Bu belent ahlak gymmatlyklaryna ygrarlylyk türkmen halkynyň köpöwüşginli medeniýetini has-da baýlaşdyrýar.

Çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç, şu ajaýyp baýramçylyk günlerinde Size hem-de Türkmenistanyň ähli halkyna berk jan saglyk, bagt we abadançylyk arzuw edýärin.

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Igor BABUŞKIN, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatoryny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystanyň Baştutany bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Mejlisiniň täze başlygy saýlanyldy, Russiýa Türkmenistanda öz ilçisini çalyşdy, Gazagystan we Türkmenistan döwlet serhedinden geçmegiň tertibi barada ylalaşdylar we beýleki habarlar
Igor Babuşkin Astrahan bilen Türkmenbaşynyň arasynda göni howa gatnawyny ýola goýmagy teklip etdi
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ ASTRAHAN OBLASTYNYŇ GUBERNATORYNY KABUL ETDI
Astrahan sebitiniň gubernatory Türkmenistanyň prawoslaw ybadathanalaryna baryp gördi