TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ ASTRAHAN OBLASTYNYŇ GUBERNATORYNY KABUL ETDI

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ ASTRAHAN OBLASTYNYŇ GUBERNATORYNY KABUL ETDI

Şu gün, 2023-nji ýylyň 5-nji aprelinde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Hazar — dostluk deňzi” motoýörişiniň kerwenine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkini kabul etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Igor Babuşkini şanly waka — doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady we oňa berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, Igor Babuşkin Türkmenistana gelip görmäge örän şatdygyny nygtady. Astrahan oblastyny Türkmenistan bilen öňden gelýän, dürli ugurlar boýunça okgunly ösýän dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar.

Türkmenistana şu gezekki sapar Hazar deňziniň töwereginden geçýän “Hazar — dostluk deňzi” motoýörişiniň çäklerinde amala aşyrylýar.Bu motoýörişiň esasy maksady şol başlangyjy işjeň goldaýan Hazarýaka döwletleriň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

Astrahan oblastynyň motohereketiniň köp sanly işjeňlerini birleşdirmek bilen, bu çärä gatnaşyjylar türkmen tebigatynyň gaýtalanmajak gözelligini öz gözleri bilen görmäge hem-de ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Häzirki wagtda Hazar sebiti Ýewraziýa yklymynyň möhüm geosyýasy we geoykdysady merkezleriniň biri hökmünde ykrar edilmek bilen, uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýedir hem-de yklym möçberinde iri üstaşyr ulag merkezi, halkara söwdany giňeltmek üçin geljegi uly çäk bolup durýar.

Bu ýerde özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler bar.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sebit gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň we ösdürmegiň wajypdygyny belläp, motoýörişiň üstünlikli geçirilmegini hem-de Hazar sebitinde netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga saldamly goşant goşmak işinde öňde goýlan maksatlara ýetmegi arzuw etdi.

Hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, Igor Babuşkin bu halkara taslamanyň Hazarýaka ýurtlar bilen hoşniýetli gatnaşyklary berkitmäge, ykdysady, medeni, bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendigini nygtady. Munuň özi Russiýa Federasiýasynyň serhetýaka sebiti hökmünde Astrahan oblastynyň möhüm wezipesi bolup durýar.

Wajyp ugurlarda özara bähbitli halkara gatnaşyklary ösdürmegi işjeň ugur edinýän Türkmenistanyň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek ugrunda anyk ädimleri ädýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, myhman Hazar deňziniň töweregi boýunça motoýörişi guramak başlangyjyny türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýylda öňe sürendigini nygtady.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk, hoşniýetliligiň, ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň öňden gelýän ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklar giň ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Munuň özi ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen döwletara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklaýar. Şunuň bilen baglylykda, Astrahan oblasty bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy, şol sanda söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Duşuşygyň barşynda özara söwda dolanyşygynda harytlaryň görnüşlerini giňeltmäge, işewür toparlaryň wekilleriniň arasynda has ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirilýändigi nygtaldy.

Myhman amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen Türkmenistanda Russiýanyň meşhur kompaniýalarynyň netijeli işleýändigini kanagatlanma bilen belledi.Bu baradaky gürrüňiň dowamynda geljekde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatyndan has doly peýdalanmagyň zerur boljakdygy aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we Astrahan oblastynyň portlarynyň arasynda yzygiderli gämi gatnawlaryny açmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, türkmen tarapynyň bar bolan mümkinçilikleri nazara almak bilen, dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça oňyn tekliplere garamaga taýýardygyny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda gämigurluşyk we gämi abatlaýyş ulgamynda işleri utgaşdyrmak üçin bar bolan mümkinçiliklere üns berildi.Bilim, ylym we medeniýet, syýahatçylyk ugurlary boýunça däp bolan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Gubernator Astrahan oblastynyň ýokary we ýörite okuw mekdeplerinde Türkmenistandan ýaşlary okatmak işini dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtady.Astrahan oblastyndaky Magtymguly adyndaky döwrebap mekdep bilim ulgamyndaky netijeli gatnaşyklaryň aýdyň beýany bolup durýar.

Onuň türkmen medeniýetiniň merkezine öwrülendigini belläp, Igor Babuşkin beýik Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny saklamagyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň köpugurly gatnaşyklaryň soňky ýyllarda gazanylan ýokary derejesine mynasyp baha berýändigini hem-de Astrahan oblastyna ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny nygtap, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatoryna ýene-de bir gezek berk jan saglyk we jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ ASTRAHAN OBLASTYNYŇ GUBERNATORYNY KABUL ETDI
17-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
Türkmen konsuly Astrahan sebitiniň gubernatory bilen ilkinji duşuşygyny geçirdi
Astrahanda Türkmenistanyň söwda öýüni açmak meselesi öwrenilýär
Astrahanyň daşary aragatnaşyklar ministri Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa iş sapary başlandy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ispaniýanyň täze ilçisi bilen duşuşyk geçirildi we beýleki habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Astrahan oblastynyň gubernatoryny kabul etdi