Aşgabatda Türkmenistanyň täze raýatlaryna pasgortlar gowşuryldy, Türkmenistanyň Gazagystandaky täze konsuly wezipä bellenildi, Serdar Berdimuhamedow Igor Babuşkini kabul etdi we beýleki habarlar

Aşgabatda Türkmenistanyň täze raýatlaryna pasgortlar gowşuryldy, Türkmenistanyň Gazagystandaky täze konsuly wezipä bellenildi, Serdar Berdimuhamedow Igor Babuşkini kabul etdi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda ýurduň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, 1301 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Şeýle hem 265 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi.

2. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen, Meretdurdy Abdyllaýew Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky (Aktau şäheri) konsuly wezipesine bellenildi.

3.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkini kabul etdi.Duşuşygyň dowamynda taraplar soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Astrahan oblastynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň işjeň häsiýeti bilen tapawutlanýandygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatynyň doly derejede durmuşa geçirilmeginiň uly geljeginiň bardygy bellenildi.Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Astrahan oblastynyň portlarynyň arasyndaky üstaşyr ulag mümkinçiliklerini ulanmak boýunça netijeli tekliplere taýýardygyny aýtdy.

4. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýan eneleri Zenan kalby ordeni bilen sylaglamak hakynda Karara gol çekdi.

5.Aşgabat şäheriniň 97-nji orta mekdebinde ÝUNISEF bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda öwrediji robototehnika boýunça ýaryş geçirildi.Bu çäre mekdep okuwçylarynyň, mugallymlaryň we ene-atalaryň arasynda öwrediji robototehnikanyň pedagogik aýratynlyklary baradaky bilimlerini artdyrmak we bu bilim ugruny öwrenmäge höweslendirmek maksady bilen guraldy.

Tapawutlanan taslamalar gymmat bahaly sowgatlar, şol sanda telewizorlar, planşetler, robototehnika üçin toplumlar we akylly sagatlar bilen sylaglandy.

6. Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli geçirilýän halkara mediaforum geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan guraldy. Foruma ugurdaş düzümleriň, tele we radio ýaýlymlaryň, Türkmenistanyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri we daşary ýurtlaryň 100-e golaý köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekiliýetleri gatnaşdylar.

Dünýäde

7.Efiopiýanyň gümrük gullugy daşary ýurtly jahankeşdelere uçar gatnawlary arkaly kofäni islendik görnüşde we islendik mukdarda ýurtdan alyp gitmegi gadagan etdi.Efiýopiýadan gidýänlere howa menzillerinde ýakymsyz ýagdaýlaryň ýüze çykmagynyň öňüni almak üçin girizilen täze düzgüni göz öňünde tutmak maslahat berilýär.

Halkara kofe guramasynyň maglumatlaryna görä, Efiopiýa kofe öndürmekde Afrika ýurtlarynyň arasynda öňdebaryjydyr we bu görkeziji boýunça dünýäde diňe Braziliýadan, Wýetnamdan, Kolumbiýadan we Indoneziýadan soň bäşinji orunda durýar.

8.Bişkek şäherine paýtagtyň eko-taksileri üçin elektromobilleriň ilkinji tapgyry geldi.Gyrgyzystanyň paýtagtynda eko-taksileri ornaşdyrmak taslamasy Bişkekde ekologiýa taýdan arassa ulaglary ösdürmek we atmosfera düşýän zyýanly zyňyndylaryň möçberini azaltmak boýunça başlangyjyň bir bölegidir.

Eko-taksileriň sürüjileri bu görnüşli ulaglary ýörite bölünen sary zolakda sürmek üçin ygtyýarnama alyp bilerler.Mundan başga-da, olar şeýle awtoulaglary şertnamaly taksi sürmek üçin satyn almak we şäheriň elektrik zarýad beriji beketleriniň ýerleşýän ýerlerinde elektromobillerine arzan bahadan zarýad bermek hukugyna eýe bolarlar.

Sport habarlary

9.Dzýudoçy gyz Maýsa Pardaýewa Hytaýyň Hançžou şäherinde geçirilýän XIХ Tomusky Aziýa oýunlarynda bürünç medala mynasyp boldy.Bu türkmen topary üçin ýaryşda gazanylan ilkinji medal boldy.Lebap göreş mekdebiniň 18 ýaşly okuwçysy bu üstünlige 57 kilograma çenli agram derejesinde, medal ugrunda bäsleşen 16 türgeniň arasynda gazandy. Ýatlatsak, Hançžou şäherinde geçirilýän Aziýa oýunlarynda Maýsa Pardaýewa oýunlaryň açylyş dabarasynda Türkmenistan toparynyň baýdak göterijileriniň biri bolupdy.

10.Türkmen tennisçileri Dewisiň kubogyna we ýetginjekleriň arasyndaky ýaryşlara taýýarlyk görmek üçin Daşkende ugradylar.Türkmen toparynyň üç hepdelik türgenleşigi dünýä belli Iroda Tulýaganowa adyndaky tennis akademiýasynda geçiriler.

Türgenleşik ýygnanyşygyndan soň, Türkmenistanyň erkekler ýygyndysy 16 23-nji oktýabr aralygynda Antalýada geçiriljek Dewisiň kubogyna, ýaşlar ýygyndysy bolsa 14 28-nji oktýabr aralygynda Buharada we Karşide geçiriljek Aziýanyň Tennis federasiýasynyň 14 ýaşa çenli tennisçileriň arasyndaky iki açyk çempionatyna gatnaşarlar.

11.Türkmenistanyň milli ýygyndysy Maldiwleriň toparyndan 22:2 hasabynda uly aratapawut bilen üstün çykyp, Hytaýyň Hançžou şäherinde geçirilýän ХIХ Tomusky Aziýa oýunlarynda 3x3 basketbol ýaryşyna üstünlikli başlady.Garşydaşy 20 utuk aratapawut bilen ýeňmek üçin toýly Baýryýewiň toparyna bary-ýogy 6 minut 55 sekunt gerek boldy.

Aziýa oýunlarynda 3x3 basketbol boýunça ýaryşa ýaşy 23-den uly bolmadyk oýunçylar gatnaşýarlar.Erkekleriň arasyndaky ýaryşa 4 toparçaa bölünen 19 ýygyndy gatnaşýar.Türkmenistanyň milli ýygyndysy Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Eýranyň we Maldiwleriň toparlary bilen B toparçada çykyş edýär. Ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, toparçalaryň ýeňijileri derrew çärýek finala çykarlar.

Toparçalarda 2-3-nji orny eýeleýän toparlar bolsa 1/4 finalda oýnamak hukugy üçin bäsleşerler.

12. Türkmenistanyň futbol boýunça Kubogynyň 1/2 finalynyň ilkinji oýunlarynyň tertibi belli boldy. Altyn Asyr bilen Arkadag toparlarynyň arasyndaky ilkinji duşuşyk 27-nji sentýabrda Aşgabatda geçiriler. Şol gün Merw Ahal jübütiniň hem ilkinji oýny bolar. Ýarym finalyň jogap duşuşyklarynyň geçiriljek senesi we başlanjak wagty soň yglan ediler. Türkmenistanyň Kubogynyň häzirki eýesi Ahal toparydyr.

Ýene degişli makalalar

17-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ ASTRAHAN OBLASTYNYŇ GUBERNATORYNY KABUL ETDI
Astrahan sebitiniň gubernatory Türkmenistanyň prawoslaw ybadathanalaryna baryp gördi
7-nji aprelde welosipedli ýöriş sebäpli Aşgabatda ulaglaryň hereketi wagtlaýyn togtadylar, Türkmenistanyň Prezidenti Minnihanow we Babuşkin bilen duşuşdy, futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda içerki transfer möwsümi açyldy we beýleki habarlar
Türkmenistanda Igor Babuşkine doglan güni mynasybetli milli lybas sowgat berildi
Türkmenistanyň Prezidenti Astrahanyň gubernatory bilen duşuşdy