Türkmenistanda Igor Babuşkine doglan güni mynasybetli milli lybas sowgat berildi

Türkmenistanda Igor Babuşkine doglan güni mynasybetli milli lybas sowgat berildi

Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Astrahan sebitiniň gubernatory Igor Babuşkiniň ýolbaşçylygyndaky Hazar - dostluk deňzi motoýörişine gatnaşyjylaryň ählisi A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus orta mekdebine baryp gördüler.

Myhmanlar mekdebe tanyşlygyň barşynda ýokary synp okuwçylarynyň geografiýa sapagyna gatnaşdylar, kitaphana, sport toplumyna, mekdep muzeýine we mejlisler zalyna gezelenç etdiler.

Şu gün doglan güni bolan I.Babuşkine garaşylmadyk we ýakymly sowgat hökmünde milli lybaslar — don, telpek we guşak sowgat berildi.

Neýtralnyý Türkmenistan gazetiniň habaryna görä, Astrahan sebitiniň gubernatory Hormatly myhmanlar kitabynda ýazgy galdyrdy.

Mundan ozal Astrahan sebitiniň gubernatorynyň Türkmenistandaky prawoslaw ybadathanalara baryp görendigini habar beripdik.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa iş sapary başlandy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ispaniýanyň täze ilçisi bilen duşuşyk geçirildi we beýleki habarlar
17-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
Türkmen konsuly Astrahan sebitiniň gubernatory bilen ilkinji duşuşygyny geçirdi
Astrahanda Türkmenistanyň söwda öýüni açmak meselesi öwrenilýär
Astrahanyň daşary aragatnaşyklar ministri Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ ASTRAHAN OBLASTYNYŇ GUBERNATORYNY KABUL ETDI
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Astrahan oblastynyň gubernatoryny kabul etdi