Paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatlyPrezidentimiziň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň hem-demedeniýet ulgamynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy.
Duşuşyga gatnaşmak üçin Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ýokarda agzalan guramalaryň we degişli düzümleriň ýolbaşçylary çagyryldy.Döwlet Baştutanymyz duşuşygy açyp we onuň gün tertibini yglan edip, duşuşygyň ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalary, şeýle hem halkara derejede öňe sürlen başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirmegiň täze ýollaryny we usullaryny işläp taýýarlamak bilen gönüden-göni bagly wezipeleri ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanandygyny aýtdy.Milli Liderimiz ýygnananlaryň öňünde maksatnamalaýyn söz sözläp, biziň ýolumyzyň döretmek ýoludygyny nygtady.
Biz şu ýol bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi belent maksatlara tarap ynamly alyp barýarys.Bu ugurda ýöredýän durmuş syýasatymyz, ykdysady we medeni özgertmelerimiz, ilkinji nobatda, mähriban halkymyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şeýle belent maksatlar bolsa, döwlet bilen halkyň bitewüliginiň, eziz Diýarymyzyň kuwwatynyň hem-de gülläp ösmeginiň berk kepili bolup durýar. Şoňa görä-de, döwletimizi we jemgyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek bizden jogapkärçilikli we guramaçylykly bolmagy, her bir işe ýokary düşünjelilik bilen başarnykly çemeleşmegi talap edýär diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.Biz halkymyz bilen el-ele berip işläp, bir maksada gulluk edip, nesip bolsa, ähli maksatlarymyzy we arzuwlarymyzy üstünlikli amala aşyrarys. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny düýpli täzelemegi dowam ederis.
Demokratiýany giňeltmegi we döwletimiziň kanunçylyk esasyny kämilleşdirmegi üpjün ederis.Mähriban halkymyzyň döredijilik mümkinçiligini ýokarlandyrarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, bu meselede ýaşlaryň uly ornunyň bardygyny belledi.
Sebäbi ýaşlar biziň geljegimizdir. Şoňa görä-de, ýaş nesilleriň döredijilik başarnygyny giňden goldap, Ýaşlar guramasy has zehinli ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw berip, olaryň şahsyýet hökmünde kämilleşmegi üçin giň ýol açmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Çagalaryň tehniki döredijilikde, kompýuter tehnologiýalarynda, matematika, fizika we himiýa ýaly düýpli ylymlarda ukyplaryny açmakda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga döwlet derejesinde üns bermeli. Şeýlelikde, has zehinli çagalary ýüze çykaryp, olaryň halkara bäsleşiklere gatnaşmagy üçin giň ýol açmaly.Tehnologik ösüş we bazar gatnaşyklaryna geçilýän döwürde ýaşlaryň giň toparyny telekeçilik işine çekmeli.
Garaşsyz, kuwwatly döwletimizde her bir adam, aýratyn-da, ýaşlar ertirki güne ynamly garamalydyr.Bu bolsa, biziň döwlet syýasatymyzyň esasyny düzýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.Hormatly Prezidentimiz duşuşyga gatnaşyjylara ýüzlenip, bize ata-babalarymyzdan miras galan halk senetçiliginiň, ekerançylyk, bagçylyk, maldarçylyk tejribesiniň häzirki günlerde hem örän uly ähmiýetiniň bardygyny aýtdy.
Sebäbi halyçylyk, zergärçilik, agaç ussaçylygy, küýzegärlik ýaly sungatyň ýokary derejesine ýetirilen önümlere isleg barha artýar. Şoňa görä-de, milli senetçiligimiz nesilden-nesle geçirilip, ösmegini dowam edýär.Ýurdumyzda sagdyn durmuş kadalaryny has işjeň amala aşyrmak üçin hem ägirt uly mümkinçilikler bar. Şeýle bolansoň, biz has köp adamlary, aýratyn-da, ýaşlary sport bilen meşgullanmaga çekmeli.
Olary sagdyn durmuş kadalaryny berjaý etmäge ruhlandyrmaly.Bu bolsa Garaşsyz döwletimiziň gülläp ösmeginiň gözbaşy bolan mähriban halkymyzyň mynasyp geljeginiň kepilidir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.Hemmämize mälim bolşy ýaly, dünýäde ylym-bilim we öňdebaryjy tehnologiýalar çalt depginler bilen ösýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şoňa görä-de, täze maglumat tehnologiýalaryny özleşdirmezden, dünýäniň ösüşi bilen aýakdaş gitmek, ykdysadyýetde we jemgyýetçilik durmuşynda ýokary netijeleri gazanmak mümkin däl. Şunuň bilen baglylykda, bilim ulgamyny toplumlaýyn kämilleşdirmek meselesi öňdäki hatara çykýar.
Biz 2007-nji ýylda bilim ulgamynda özgertmeleri geçirmäge girişdik.Häzirki döwürde bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebap ýagdaýa getirmekden başlap, onuň düzümini, bilim we terbiýe bermegiň usulyýetini kämilleşdirmäge çenli uly işler edildi.Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, umumymilli ösüşiň möhüm şerti hökmünde sanly bilim ulgamyna, aýratyn-da, sanly ykdysadyýete geçmegi çaltlandyrmak wezipelerini çözmäge uly üns bermelidiris. Şu meselede jemgyýetçilik guramalarynyň bilim ulgamynda özgertmeleri geçirmegiň täze tapgyryny amala aşyrmaga giňden gatnaşmagynyň zerurdygy has aýdyň ýüze çykýar.Hormatly Prezidentimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, ylmy ösdürmegiň, milli mirasymyzy şöhratlandyrmagyň we wagyz etmegiň jemgyýetçilik guramalarynyň, aýratyn-da, Ýaşlar guramasynyň, Zenanlar birleşiginiň, beýleki guramalaryň we ähli ideologiýa ulgamynyň işiniň möhüm ugruna öwrülmelidigini nygtady.Döwlet Baştutanymyz akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň agzybirlige we watançylyga ýugrulan örän ruhubelent “Türkmeniň” goşgusyna ýüzlendi:Köňüller, ýürekler, bir bolup başlar,Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,Göteriler ol ykbaly türkmeniň.Bu ajaýyp setirler millionlarça adamlaryň kalbyny birleşdirip, aýdyma, ganatly sözlere we nakyla öwrülip gidipdir. Şu bitewülik we watançylyk mizemez agzybirligi döredip, döwletimiziň hem-de milletimiziň sarsmazlygynyň kepillendirmesi bolup durýar. Ýeňişlerimiziň güýjüne, geljekki üstünliklerimiziň ygtybarly girewine öwrülýär diýip, milli Liderimiz belledi.Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem saýlawly we wekilçilikli edaralaryň agzalarynyň ähli meselelerde işjeňlik görkezip, ysnyşykly hereket etmelidigini aýtdy.Biz telekeçiligi giň gerim bilen alyp barmagy hem örän oýlanyşykly, kanunçylyga doly laýyklykda we döwletiň hem-de halkyň bähbitlerini nazara almak bilen amala aşyrmaly. Şu meselede jemgyýetçilik guramalaryna, aýratyn-da, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyna, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyna uly orun degişlidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.Milli Liderimiz çykyşynyň dowamynda duşuşyga gatnaşyjylara ýüzlenip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimizi ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.
Medeniýetimiz jemgyýetimizi beýik işlere, maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy baýlaşdyrmaga, giňden wagyz etmäge hem-de şöhratlandyrmaga ruhlandyrýar.Watan döwletimiziň, ýurdumyzyň we milletimiziň her bir şahsyýet bilen bitewüligidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Biz ata Watanymyzy beýgelden görnükli şahsyýetlerimize guwanýarys.Olaryň ýadygärligini ebedileşdirip, işlerini dowam etdirmäge, mähriban Diýarymyzy dünýäniň nusgalyk döwletleriniň derejesine çykarmaga çalyşýarys.Şundan ugur alyp we jemgyýetimizi täze döredijilik maksatlaryna ýetmäge, beýik işlere ruhlandyrmak, häzirki we geljekki nesilleri milli buýsanç, ýokary ynsanperwerlik duýgusynda terbiýelemek maksady bilen, biz teatr, kino, aýdym-saz sungatynyň görnükli wekilleri bolan Alty Garlyýewiň, Maýa Kulyýewanyň, Bäşim Nuralynyň, belli bagşy-sazandalar Şükür bagşynyň, Magtymguly Garlyýewiň, Sahy Jepbarowyň, ýazyjy Osman Ödäýewiň atlaryny hem ebedileşdireris.
Biz ilatly ýerleriň we beýleki desgalaryň taryhy atlaryny hem dikelderis.Milli Liderimiz şu maksat bilen, Döwlet lukmançylyk uniwersitetine Myrat Garryýewiň adyny dakmagy teklip etdi.Ol görnükli döwlet we jemgyýetçilik işgäridi, ýaşlaryň halypasydy.
Ol ýurdumyzyň durmuşynyň köp ugurlaryny ösdürmäge mynasyp goşant goşdy.Saglygy goraýşyň häzirki zaman ulgamyny, şol sanda Lukmançylyk uniwersitetini döretmekde uly işleri bitirdi.Döwlet Baştutanymyz, şeýle hem Milli konserwatoriýamyza ýa-da Mukamlar köşgüne görnükli medeniýet işgäri, Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň ady dakylsa, maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.Medeniýet — halkyň kalby.Medeniýet — halkyň joşgunly kalbynyň altyn hazynasy.Medeniýet — halkyň ahlak we ruhy ýörelgesi.Şoňa görä-de, meniň baş maksadym merdana halkymyzyň döredijilik mümkinçiliklerine, medeniýetine, ruhy güýjüne daýanyp, dünýäde Garaşsyz döwletimiziň at-abraýyny has-da ýokarlandyrmakdyr.
Bu bolsa, jemgyýetimizi jebisleşdirýär we onuň ösüşini ruhy taýdan baýlaşdyrýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.Duşuşygyň çäklerinde Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy G.Ataýewa, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy S.
Babaýew, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy S.Owganow, Agrar partiýanyň Merkezi geňeşiniň başlygy B.Annagurbanow, Demokratik partiýasynyň başlygy A.Serdarow çykyş etdiler.Olar öz çykyşlarynda “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” diýen şygar astynda geçýän 2019-njy ýylyň ýurdumyzda täze ýeňişlere we üstünliklere beslenjekdigine ynam bildirip, häzirki duşuşygyň taryhy ähmiýetini bellediler.
Bu duşuşykda döwlet Baştutanymyz çuň manyly maksatnamalaýyn çykyşynda syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde täze möhüm wezipeleri goýdy.Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň çykyşynyň çuňňur manylydygyny aýratyn nygtap, ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň öz işlerinde döwlet Baştutanymyzyň paýhasly maslahatlaryndan we öňde goýan wezipelerinden hemişe ugur aljakdyklaryna hem-de halkymyzyň agzybirligini we jebisligini mundan beýläk-de berkitmegiň bähbidine ähli tagallalaryny hem-de tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
