Onuň altyn tigiri bar (okyjylaryň döredijiliginden)

Mustafa Sandala öýkünme

Onuň altyn tigiri bar!Bar, bar, bar!Görmek isleseňiz geliň,Para muzeýinde durýar!

Köňül istär, bolsa bizdealtyny däl, alýumini;altysy däl, biri, walla,pyýada ötmesek, alla?

Onuň alty tigiri bar,atdan doly athanasy!Maşynlary san-sajaksyz,saýlap münýär, il danasy!

Arkadagy ogrularyň,garyp-gasara bigäne;Onuň köşgi-eýwany bar,bilmez iliň derdi näme?

Köňül istär, bolsa bizdetigirden öň doly saçak;Emma aýlyk aýa ýetmez,bergi-borjuň bolar goçak!

Onuň altyn tigiri bar,pedalyna bassa ozýar!Şopury-da bar sürdürse,özi yzda kitap ýazýar…

Ýene degişli makalalar

Agzybirligi we watansöýüjiligi ündän akyldar
14.02.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Döwlet bilen halkyň jebisligi eziz Diýarymyzyň rowaçlygydyr
14.02.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň we medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen duşuşygynda eden çykyşy
Döwlet bilen halkyň jebisligi — rowaçlygyň binýady
Watançylyk we milletçilik: Golaýda prezidentiň köpçülikde okan goşgularyna sowet heňi’ kölege salýar