Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň guramagynda biologiýa boýunça halkara internet olimpiadasy geçirildi

Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň guramagynda biologiýa boýunça halkara internet olimpiadasy geçirildi

20 — 22-nji noýabrda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň guramagynda biologiýa dersi boýunça III halkara internet olimpiadasy geçirildi.

Türkmen talyplary bilen birlikde, bu halkara olimpiada 25 döwletiň jemi 109 sany ýokary okuw mekdebinden, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen özara ylalaşyklar, ähtnamalar esasynda iş alyp barýan daşary ýurtlaryň ylym-bilim ojaklaryndan 730-dan gowrak talyp gatnaşdy.

Gatnaşyjylar 150 minudyň dowamynda berlen ýumuşlary we soraglary çözmekde ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň eminler toparyna Türkmenistanyň ylym-bilim edaralarynyň tejribeli işgärleri, Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ugurdaş ders boýunça professor-mugallymlary wekilçilik etdiler.

Olimpiadanyň jemleri boýunça 198 talyp ýeňiji diýlip yglan edildi. Şolardan 34-si 1-nji, 64-si 2-nji, 100-si bolsa 3-nji orunlara mynasyp boldy.Biologiýa dersi boýunça geçirilen olimpiadada toparlaýyn bäsleşikde 1-nji orny Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, 2-nji orny Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, 3-nji orny bolsa Özbegistan Respublikasynyň Buhara döwlet uniwersitetiniň talyplary eýelediler.

Ýene degişli makalalar

Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda uçurym boljak ýaşlarynyň arasynda internet olimpiadasy geçirildi
2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa Kabul etmegiň tertibi: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa Kabul etmegiň tertibi: Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersiteti
Lebabyň mekdeplerinde tapdyrmaýan kitaplar bazarlarda aç-açan satylýar
6-njy noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny