Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda uçurym boljak ýaşlarynyň arasynda internet olimpiadasy geçirildi

Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda uçurym boljak ýaşlarynyň arasynda internet olimpiadasy geçirildi

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ýurduň orta mekdepleriniň şu okuw ýylynda uçurym boljak ýaşlarynyň arasynda dört ders boýunça internet olimpiadasy geçirildi. Oňa gatnaşmaga zehinli okuwçylaryň müňden gowragy isleg bildirdi. Şolaryň içinden deslapky tapgyrlarda ýokary netije gazanan ýaşlaryň 250-ä golaýy bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, matematika, fizika, himiýa, biologiýa dersleri boýunça geçirilen bäsleşiklerde Aşgabatdaky we Balkan, Lebap, Mary welaýatlaryndaky orta mekdeplerde okaýan okuwçylar has üstünlikli çykyş etdiler. Dersleriň her biri boýunça iň zehinli okuwçylaryň üçüsi birinji orna mynasyp görüldi.

Şeýlelikde, matematika boýunça Aşgabat şäheriniň we Lebap welaýatynyň okuwçylary iň ýokary netijäni görkezdiler. Gündogar sebitiň hem-de Mary welaýatynyň ýaşlary fizika boýunça birinjilikde öňdäkileriň hatarynda orun aldy.

Biologiýa dersinden balkanly we lebaply mekdep okuwçylaryna taý tapylmady. Himiýa dersinden bolsa paýtagtymyzyň orta mekdepleriniň okuwçylary birinji orny eýeledi diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda biotehnologiýa pudagy üçin täze infrastruktura dörediler
2022-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň TERTIBI
Salam, mekdebim!
Salam, mekdebim!
23.03.2018 | 2017-nji ýylyň ýylýazgysy: bilim we ylym
Mekdep okuwçylary her ýyl geçirilýän ders bäsleşiginiň etrap tapgyrlaryna taýýarlanýarlar