Türkiýede ençeme türkmenistanly hilegär watandaşynyň aldawyna düşendigini aýdýar

Türkiýede ençeme türkmenistanly hilegär watandaşynyň aldawyna düşendigini aýdýar

Türkiýede ýaşaýan türkmenistanly migrantlaryň dokumentlerini düzetmek meselesinde aldawa düşmegi bilen bagly ýagdaý ýüze çykdy. Araçylyk hyzmatlaryny teklip eden watandaşy tarapyndan aldanandygyny aýdýan birnäçe türkmen raýaty Stambulyň Baş prokuraturasyna şikaýat edipdir, emma ýagdaýdan habarly çeşmeler aldanan adamlaryň ýüzden köpdügini aýdýarlar.

Stambulyň Baş prokuraturasyna şikaýat eden raýatlaryň aýtmagyna görä, Türkiýäniň raýaty Erdal Akdemir we Türkmenistanyň raýaty Gülnara Sadykowa, özlerini är-aýal hökmünde görkezip, Türkiýede resmi ýaşamak üçin resminamalary almaga kömek teklip edipdir.

"Jübüt Migrasiýa müdirliginde tanyşlarynyň bardygyny öňe sürdüler we migrasiýa bilen baglanyşykly islendik meseläni çözmäge wada berdiler.Hususan-da, olar ýaşamak üçin rugsatnama, ynsanperwer ýaşaýyş rugsatnamasyny almak, halkara goragyna ýüz tutmak, zerur resminamalary taýýarlamak we migrasiýa amallaryna kömek etmek barada gürrüň etdiler.

Olar hyzmatlary üçin 750 dollardan 5000 dollara çenli töleg soradylar" diýip, "Türkmenistanyň Hronikasy" neşiri 14-nji iýulda habar berdi.

Maglumata görä, prokuratura ýüz tutan türkmenistanlylar Akdemir bilen Sadykowanyň pul almazdan öň müşderileri bilen işjeň aragatnaşyk saklaýandyklaryny aýdypdyr. Emma tölegden soň, olar telefon jaňlaryna jogap bermegi bes edipdir, işiň gidişi barada maglumat bermändir we wada berlen hyzmatlary ýerine ýetirmändir.

"Köp halatlarda tölegler nagt pul bilen amala aşyryldy. Käbir ýagdaýlarda, pidalardan tölegiň maksadyny görkezmeden pul serişdelerini bank hasaplaryna geçirmek soraldy" diýlip, neşiriň maglumatynda aýdylýar. "Eger geçirmek maksady görkezilen bolsa, pullar yzyna gaýtarylyp, olar soňra hiç hili düşündirişsiz pullary gaýtadan ibermeli boldular. Pidalaryň muny tassyklaýan bank çekleri bar".

Aldawyň pidasy bolandygyny aýdýan käbir aýallar Sadykowanyň edarasyna baryp, puluny yzyna gaýdyp bermegi talap etmäge synanyşypdyr. Olar Gülnara Sadykowanyň baranlara fiziki taýdan hüjüm edendigini we Erdal Akdemiriň olary kemsidendigini, şeýle-de jübüdiň "degişli edaralar bilen gatnaşyklarynyň" bardygyny aýdyp, nägile müşderilere deportasiýa etdirmek haýbatyny atandygyny gürrüň berdiler.

Bu aýdylýan ýagdaýlary Azatlyk Radiosyna elýeterli bolan wideo ýazgylarda hem görse bolýar. Sadykowanyň edara jaýynda düşürilendigi aýdylýan wideoda zenan jaýyň içinde köplük bolup duran adamlara gödek we haýbatly daraýar.

10-njy iýulda şikaýatçylar öz aklawçylary arkaly Stambulyň Baş prokuroryna şikaýat etdiler we bolan wakalara degişli maglumatlary we ýazgylary tabşyrdylar. Derňew başlandy diýip, "Türkmenistanyň Hronikasy" habar berdi.

Bu ýagdaý barada Türkiýäniň ATV telekanalynda hem maglumat berildi.

Raýat aktiwisti Dürsoltan Taganowa Azatlyk Radiosyna bu jübüdiň "Akdemir consulting" ady bilen Türkiýede daşary ýurtlulara dokumentleri kadalaşdyrmakda araçy hökmünde hyzmatlaryny hödürleýän kärhanasy barada gürrüň berdi we olaryň bu hyzmatlary 4-5 ýyl bäri hödürleýändigini we aldanan türkmenistanlylaryň köpdügini aýtdy:

"Diňe maňa ýüz tutanlaryň sany ýüzden geçýär. Olar galp wadalary berýärler. Meselem, Türkmenistandan 30 günlük wiza bilen gelen türkmenistanlylara Türkiýäniň migrasiýa edarasy ýurtda galmak üçin syýahatçylyk wizasyny uzaltmaga mümkinçilik berenok. Ýöne bu firma TikTok wideolarynda 'Türk edarasynda tanyşlarymyz bar, biz dokumentleri edip berýäris' diýýärler. Emma olar 5000 dollara çenli pul alýarlar we türkmen raýatlarynyň işlerini berjaý etmeýärler".

'Aldawa düşenleriň arasynda onkologiýaly hassalar bar'Onuň sözlerine görä, türkmen raýatlarynda Türkiýede galmak we dokumentlerini düzgünleşdirmek bilen bagly problemalary köp bolýar, bu ýagdaýda jübüt türkmen raýatlaryna ret edilen arzalaryna gaýtadan seretdirmek hyzmatyny hödürläp, ýene-de pul alýar.

"Türkmenistanlylaryň Migrasiýa gullugyna iberilen dokumentleri ret bolansoň, olar adamlardan ýene-de goşmaça pul soraýarlar we 'biz siziň arzaňyzyň ret edilmegine garşy şikaýat etjek diýip, ýene pul soraýarlar" diýip, Taganowa aýdýar.

Raýat aktiwisti aldawa düşüp ne dokument, ne-de puluny yzyna alyp bilen adamlaryň arasynda onkologiýa hassalarynyň bardygyny belledi.

"Aldawa düşen türkmenistanlylaryň arasynda rak keseli bilen Türkiýä baryp, bejergi aljak bolýan adamlar bar.Olar gumanitar wiza üçin ýüz tutmaly, emma olar nätanyş adamlaryň üsti bilen iş wizasyna ýüz tutupdyr we ret edilipdir.

Bular araçylygyny hödürläp, olardan esli pul alypdyr.Hakykatda dokumentler düzgüne görä sazlanyp, göni Migrasiýa edarasyna eltilip tabşyrylanda [hassalaryň] rugsat almak mümkinçiligi ýokary.Emma olar muny bilmän aldawa düşýär" diýip, Dürsoltan Taganowa Azatlyga beren interwýusynda aýtdy.

Azatlyk Radiosy Gulnara Sadykowadan we onuň ýoldaşy Erdal Akdemirden entek teswir alyp bilmedi.

"Türkmenistanyň Hronikasy" neşiri hem Erdal Akdemir we Gülnara Sadykowa pidalaryň aýyplamalary barada hiç hili düşündiriş bermediler diýip, ýazýar.

Neşiriň türkmenistanlylara salgylanyp, ýazmagyna görä, Gülnara Sadykowa Türkiýede aradan çykan türkmen raýatlarynyň jesetlerini yzyna gaýtarmaga kömek etmek we öz watandaşlaryny goldamak barada TikTok-da maglumat ýerleşdirmek arkaly sosial media ulanyjylarynyň ynamyny gazanypdy.

Gulnara Sadykowanyň YouTube kanalynda onuň türkmenistanlylary işe ýerleşdirmek ýaly hyzmatlarda araçylyk etmegi hem hödürlenýär.

Türkmenistanyň daşynda ýaşaýan türkmen raýatlary öz ýurduň ilçihanalarynyň üsti bilen pasportyny täzelemekde we zerur rugsatnamalary almakda ýyllarboýy kynçylyk çekýärler. Bu ýagdaý olaryň ýaşaýan ýurtlarynda kanuny taýdan ornaşmagyna erbet täsir edýär. Bu ýagdaýda bialaç adamlar dokumentlerini kadalaşdyrmak hyzmatlaryny hödürleýän araçylaryň hyzmatyndan peýdalanmagy saýlaýarlar we köp halatlarda aldawa düşýärler we hilegärligiň pidalaryna öwrülýärler.

Adam hukuklaryny goraýjylar, raýat akiwistleri we türk aklawçylary bu meselä mundan öň ençeme gezek ünsi çekipdi.

Türkiýe türkmenistanlylaryň iň köp barýan ýurtlarynyň biri bolup, bu ýerde 250 müň töweregi türkmen raýaty kanun esasynda ýaşaýar, emma garaşsyz çeşmelerde bu ýurtda türkmenleriň sanynyň has köpdügi we olaryň bikanun galýandygy öňe sürülýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
6-njy dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Merkezi Aziýada ýitip barýan "demokratiýa adasy": Gyrgyzystanda oppozisiýany nähili basyp ýatyrýarlar?
Özbegistanyň Ministrler Kabineti Oliý Mažlisiň täze düzüminiň öňünde ygtyýarlylyklary ýatyrdy
Türki Dünýäniň Konwensiýasy Kabul Edildi
Gyrgyzystanda Ümsümlik hakynda Kanun kabul edildi