Döwlet Ýolbaşçylary Atatürkiň Aramgähine Bardy

Döwlet Ýolbaşçylary Atatürkiň Aramgähine Bardy

Harby we syýasy taýdan gazanan üstünlikleri bilen türk we dünýä taryhyna adyny altyn harplar bilen ýazdyran Mustafa Kemal Atatürk, 1938-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Stambul şäherinde Dolmabahçe köşgünde sagat 9.05-de baky uka gidýär.

Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy Mustafa Kemal Atatürk, aradan çykan gününiň 85-nji ýylynda ýurduň çar tarapynda, DKTR-da we daşary ýurtlardaky wekilhanalarynda uly hormat bilen hatyralanýar.

Hatyralama çäreleriniň çäginde döwlet ýolbaşçylary paýtagt Ankarada Atatürküň gubyrynyň ýerleşýän ýeri bolan Atatürkiň aramgägine bardy

Prezident R. T. Erdoganyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet, Atatürkiň aramgähine gül desselerini goýdy.

Prezident Erdogan Aramgähiň ýörite depderine “Eziz Atatürk, aradan çykan günüňiziň 85-nji ýylynda sizi we egindeşleriňizi, watanymyz üçin janlaryny gurban eden şehitlerimi we gahrymanlarymyzy uly hormat bilen hatyralaýarys. Türkiýe asyrynda halkymyzyň asyrlyk maksadyna ýetmegini hiç kim bökdäp bilmez” diýdi.

Daşary işler ministri Hakan Fidan hem sosial mediadan beren ýüzlenmesinde 10-njy noýabrda Atatürki uly hormat bilen hatyralady.

Ministr Fidan ýüzlenmesinde “Alyp barýan milli daşary syýasatymyz bilen ýurdumyzyň özygtyýarlygyny we garaşsyzlygyny güýçlendirýäris. Mustafa Kemal Atatürkiň başda durmagynda Milli Azat edijilik söweşimiziň ähli gahrymanlaryny uly hormat bilen hatyralaýaryn” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Atatürkiň Aramgähine 1 Günde 1 Million 92 Müň Adam Baryp Gördi
Şu gün 30-njy Awgust Ýeňiş Baýramy
10-njy Noýabr Atatürki Hatyralama Hepdesi
Asyryň Betbagtçylygynda Ýogalanlar Hatyralanýar
Türkiyede 30-njy awgust Ýeňiş baýramy giňden bellenilip geçilýär
Anytkabire zyýarat etmäge gelýän adamlaryň sany artýar
Müsüriň prezidenti Türkiye bilen ýurdunyň arasyndaky gatnaşyklar barada beýanat berdi