Atatürkiň Aramgähine 1 Günde 1 Million 92 Müň Adam Baryp Gördi

Atatürkiň Aramgähine 1 Günde 1 Million 92 Müň Adam Baryp Gördi

Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy Beýik Baştutan Gazi Mustafa Kemal Atatürkiň jaýlanan ýeri bolan Aramgähine düýn 1 million 92 müňden gowrak adam baryp gördi.

Milli Goranmak ministrliginiň sosial media platformasyndan beren habarnamasynda, 10-njy noýabrda Atatürki hatyralama günü Atatürkiň Aramgähine baryp görenler hakynda maglumat berildi.

Habarnamada, düýn 1 million 92 müň 365 adamyň Atatürkiň Aramgähine baryp görendigi nygtaldy.

Habarnamada “Respublikamyzyň esaslandyryjysy Gazi Mustafa Kemal Atatürki baky uka giden gününiň 86-njy ýylynda ýene-de bir gezek uly hormat bilen hatyralaýarys” diýildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Mustafa Atatürki hatyralady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mustafa Atatürki hatyralady
Atatürküň Aramgähine 1 Million 182 Müň 425 Adam Baryp Gördi
Döwlet Ýolbaşçylary Atatürkiň Aramgähine Bardy
Atatürkiň Aramgähine Bir Günde 221 Müň 717 Adam Zyýarat Etdi
5000 ýyllyk aramgäh tapyldy